mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 2681
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, bagtyýarlyk, doganlyk özbek halkynyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmak baradaky arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz bu gün okgunly öňe barýan Özbegistanyň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň çözülmeginde möhüm orny eýeleýändigini hem-de köp sanly ýurtlar bilen açyk we oňyn gatnaşyklary saklaýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn, ygtybarly goňşymyz bolan Özbegistan Respublikasy bilen biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny nygtady. “Biziň ýaňy-ýakynda bolan duşuşyklarymyz we gepleşiklerimiz hem-de Siziň ajaýyp ýurduňyza amala aşyran ilkinji saparymyň dowamynda gol çekilen köp sanly resminamalar muny aýdyň tassyklaýar” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirýändigini aýdyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt, alyp barýan işlerinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.