Ï Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynda Gazagystanyň milli ýygyndysyny ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynda Gazagystanyň milli ýygyndysyny ýeňdi

view-icon 4275
Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynda Gazagystanyň milli ýygyndysyny ýeňdi
camera-icon
Gyrgyz Republikasynyň woleýbol federasiýasy

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň woleýbolçylary Bişkekde başlanan Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynda çykyşlaryna bäş döwde Gazagystanyň toparyndan üstün çykmak bilen başladylar.

Hormat baýragy ugrunda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň erkekler milli ýygyndylary bäsleşýär.

Ilkinji oýun biziň woleýbolçylarymyz üçin aňsat bolmady. Olar ilkinji iki oýunda utuldylar – 19:25 we 20:25. Ýöne soňky üç oýunda üstün çykdylar – 25:21, 25:22 we 15:13, netijede gaýrat görkezip, ýeňiş gazandylar – 3: 2.

Birinji tapgyryň başga bir oýnunda Gyrgyzystanyň ýygyndy topary üç oýunda Özbegistan toparyny ynamly ýeňdi – 3:0 (25:18; 25:17; 25:16).

Türkmenistanlylar ikinji tapgyrda gyrgyzystanly garşydaşlary bilen duşuşarlar, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlary bolsa öz aralarynda oýnarlar.

Ýaryş 27-nji iýulda tamamlanar.