mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Natali Markarýan-Fardyň toplan seýrek şaý-sepleri ýurdumyza gaýdyp geldi

view-icon 2213

camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Şweýsariýanyň raýaty Natali Markarýan-Fardyň ildeşlerimize peşgeş beren türkmen zergärçilik sungat eserleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Olaryň sany 80-e ýetýär. Uzak ýyllaryň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlaryna aýlanyp, ahyrsoňy öz iline dolanan bu şaý-sepler çärä gatnaşýan öz işine ussat halypalarda-da, ýaş zergärlerde-de uly täsir galdyrdy.

Bu gymmatlyklar zenan şaý-sepleriniň ähli görnüşlerini özünde jemleýär. Maňlaýlyk, egme, ýaşmakujy, gupba we beýlekiler özleriniň gözelligi bilen göreni haýran edýär. Olaryň gapdalynda saça dakylýan saçlyk, asyk, teneçir, akdyrma goýlupdyr. Döşe dakylýan bukaw, heýkel, açarbag, dagdan şaý-sepleriň arasynda aýratyn orun tutýar. Bazbent, dogaçyr, ok-ýaý ýaly çaga bezeglerinden başga-da gözlük, sapy at kellesiniň şekilini ýatladýan gamçylar we beýleki at bezegleri hem ol ýerde goýlupdyr.

Natali Markarýan-Fard 1933-nji ýylda Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) 1917-nji ýylda Eýrana göçüp giden maşgalada dünýä inýär. Maşgalanyň syrçaly gutujyklaryndan gaýry bar emlägi ýitipdir. Öýlerinde saklanyp galan zatlaryň gözelligi Natalide çagalykdan sungat eserlerine höwes döredýär. Soň-soňlar kakasy telekeçi bolup, maddy ýagdaýynyň gowulaşmagy Natalä we onuň özünden kiçi erkek doganyna gymmatlyklary toplamaga mümkinçilik berýär.

1967-nji ýylda Tährandaky çeper harytlar bazaryndan Natali tylla çaýylyp, gyzyl maşat daşy bilen bezelen kiçeňräk kümüş toka satyn alýar. Ol bu zadyň gözelligine bendi bolýar. Geçirilen derňewleriň netijesinde onuň türkmen zenanlarynyň dakynýan heýkeliniň bir bölegidigi aýan bolýar. Toka Natalini şeýle bir özüne maýyl edýär welin, şondan soň ol diňe türkmen şaý-seplerini ýygnamak bilen meşgul bolýar. Tährandaky ýerli sungat dellallary onuň üçin gowy hilli şaý-sepleriň gözlegine çykýarlar.

Natali 1970-nji ýylda Germaniýa göçüp barýar, ol ýerde ýörite gündogar sungaty bilen meşgullanýan nemes dellallarynyň kömegi bilen gymmatlyklary toplaýar. 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Natali Markarýan-Fard sany boýunça türkmen şaý-sepleriniň dünýäde ikinji toplumyny toplaýar.

Onuň soňky wesýeti zergärlik sungaty eserlerini öz iline gaýtaryp bermek bolupdyr. Ol Türkmenistanyň medeniýet ministrine ýazan hatynda: «...men uly kolleksiýa topladym, onuň bir bölegini Türkmenistanyň muzeýleriniň birine peşgeş bermekçi. Men türkmen halkynyň medeni mirasynyň saklanyp galmagyna kiçijik goşandyma buýsanardym» -- diýip ýazypdyr. 2022-nji ýylyň fewralynda Natali Markarýan-Fard aradan çykýar we onuň wesýeti ýerine ýetirildi. Indi ol şaý-sepler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gorunda saklanylýar.

Natali Markarýan-Fardyň toplan şaý-sepleri muzeýiň gymmatlyklaryny ýokary çeperçilik önümleri we seýrek duşýan zatlar bilen baýlaşdyrdy. Olaryň arasynda altyn bilen bezelen egirme agajy, gopuz, iki tarapy dişli darak, şeýle hem pyçak üçin kümüş gyn bar.

Bu şaý-sepleriň görkeziliş çäresi bir aý, ýagny şu ýylyň 25-nji awgustyna çenli dowam eder.