Ï Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdylar

view-icon 4820
Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdylar

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň woleýbolçylary ýarym finalda Özbegistanyň toparyny 3:0 (25:20, 25:10, 25:15) hasabynda utup, Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdylar.

Bäsleşik Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň erkekler ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda Bişkekde geçirilýär.

Bu oýun ýaryşyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň toparlarynyň arasyndaky ikinji oýun boldy. Bäsleşigiň deslapky tapgyrynda geçen birinji oýun hem türkmen woleýbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy – 3:0 (25:18, 25:13, 25:10).

Ondan öň ildeşlerimiz Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň toparlaryndan bäş tapgyrda üstün çykypdy – 3:2 (19:25, 20:25, 25:21, 25:22, 15:13); 3:2 (28:26, 17:25, 25:21, 23:25, 15: 8).

Merkezi Aziýa Çagyryş Kubogynyň finalynda türkmenistanly woleýbolçylar ýarym finalda Gazagystanyň ýygyndy toparyndan üstün çykan – 3:1 (25:23, 25:22, 19:25; 25: 25:16) gyrgyzystanly garşydaşlary bilen oýnarlar.

Bu oýun bolsa ýaryşyň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ikinji oýun bolar. Birinji oýun türkmen woleýbolçylarynyň bäş tapgyrda kynlyk bilen gazanan ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Üçünji orun ugrundaky bäsleşikde Gazagystanyň we Özbegistanyň toparlary duşuşarlar.