mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen türgenleri «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasynda

view-icon 995

Türkmenistanyň topary Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň 85 adamdan ybarat türgenleri şu gün irden Moskwanyň üsti bilen Wladiwostok şäherine geldiler. Uzak uçuşdan soň dynç alan türkmenistanlylar oýunlaryň «Fetisow Arena» medeni-sport toplumynda geçirilen açylyş dabarasyna bardylar.

Dabara türgenleriň ýörişi bilen başlandy. Türkmenistanyň baýdagyny stol tennisçisi Ylýas Allanazarow göterip geçdi.

 Çärä gatnaşýanlar Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gutlag hatyny diňlediler. Soňra myhmanlara «Aziýanyň çagalary» halkara oýunlar komitetiniň başlygy Wladimir Maksimow we Primorsk ülkesiniň baştutany Oleg Kožemýako ýüzlendi.

«Aziýanyň çagalary» VII Halkara oýunlarynyň alawyny Wladiwostokdan sport gimnastikasy boýunça Olimpiýa çempiony Liliýa Ahaimowa ýakdy. Eli alawly gimnastikaçy ylgaw ýodasynyň iň soňky bölegini geçip, oýunlara gatnaşýanlar bilen bilelikde «Fetisow Arenasynyň» oýunlarynyň alawyny ýakdy.

 «Aziýanyň çagalary» Halkara sport oýunlary Halkara Olimpiýa komitetiniň we ÝUNESKO-nyň howandarlygynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Bu oýunlar ilkinji gezek 1996-njy ýylda häzirki Olimpiýa Hereketiniň 100 ýyllygyny bellemek maksady bilen geçirildi. Oýunlaryň esasy maksady çagalar we ýetginjekler sportuny ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek hem Olimpiýa hereketini wagyz etmekdir.

 Soňky 25 ýylyň dowamynda Aziýanyň 30-dan gowrak ýurdundan müňlerçe ýaş türgen bu oýunlara gatnaşdy. Olar Olimpiýa oýunlarynda, dünýä we yklym birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, baýraklara mynasyp boldular.

Häzirki «Aziýanyň çagalary» Halkara oýunlaryna 12 döwletden – Ermenistandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Liwandan, Mongoliýadan, Pakistandan, Taýlantdan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Russiýanyň sekiz sebitinden 13-16 ýaş aralygyndaky türgenler gatnaşýarlar. Oýunlara gatnaşýanlar sportuň 19 görnüşi boýunça 273 medal ugrunda bäsleşerler.

 «Aziýa çagalary» VII Halkara sport oýunlary 8-nji awgustda tamamlanar.