Ï Türkmenistanyň 2022 Futzal Super ligasynda öňdebaryjylar «Gümrükçiden» has öňe saýlandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň 2022 Futzal Super ligasynda öňdebaryjylar «Gümrükçiden» has öňe saýlandylar

view-icon 3596
Türkmenistanyň 2022 Futzal Super ligasynda öňdebaryjylar «Gümrükçiden» has öňe saýlandylar

Türkmenistanyň Futzal Super ligasynda çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan «Deňizçi» we «Köpetdag» 13-nji tapgyryň netijelerinden soň yzlaryndan galman gelýän «Gümrükçiden» has öňe saýlandy.

Milli çempionatyň Balkan oýunlarynyň ahyrky tapgyrynda öňbaraklar ýene-de ýeňiş gazandylar: Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Deňizçi» iň kizi agdyklyk bilen TNGIZT-ni utdy – 3:2, geçen ýylyň çempionatynyň kümüş medalçysy «Kopetdag» bolsa «Milli goşundan» ynamly üstün çykdy – 9:2.

Öňdäkileriň söbügini basyp gelýän «Gümrükçi» birnäçe şowly oýundan soň çekeleşikli göreşde «Senagatbankdan» 2:4 asgyn geldi.

Superliga ilkinji gezek gatnaşýan «Daşoguz» bolsa «Ahaly» 6:1 hasabynda utmak bilen, üç ýeňlişden soň «çileden çykdy».

Şeýlelik bilen, ikinji aýlawyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, öňdeligi 33 utuk gazanan «Köpetdag» bilen «Deňizçi» paýlaşýar. Öňde barýan üçlügiň iň soňky topary bolan «Gümrükçi» öňbaraklardan 9 utuk yza galýar.

14-nji tapgyrda «Deňizçi» «Ahal», «Köpetdag» bolsa TNGIZT bilen oýnar. Beýleki oýunlarda «Daşoguz» «Senagatbank», «Gümrükçi» bolsa «Milli goşun» bilen duşuşar.