mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Medeni duşuşyklaryň iýul tapgyry

view-icon 1446

Fransiýanyň ýurdumyzdaky Ilçihanasynyň we Türkmenistandaky Fransiýa institutynyň (TFI) howandarlygynda iýul aýynyň dowamynda geçirilen çäreler giň gerime eýe boldy. Geçirilen dürli çäreler fransuz milli baýramlary we Türkmenistan hem-de Fransiýa üçin şanly sene – ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

TFI-de «Nadaryň galareýasy» sergisiniň açylmagy esasy dabaraly wakalaryň biridi, ol ýurtlarymyzyň arasynda kemala gelen taryhy dostlukly gatnaşyklaryň subutnamasy boldy. Bu waka şekillendiriş sungatynda umumy taryhymyzyň sahypalaryny beýan etdi. 1890-njy ýylda ussahanasyna XIX asyryň tanymal adamlary ýygnanýan parižli fotosuratçy Pol Nadar Hazardan Amyderýa çenli Türkmenistanyň içinden geçip gidýär.

Türkmenistanda bolan döwri gören zatlaryna haýran galan we maýyl bolan fransuz syýahatçysy «Pol Nadar Türküstanda» atly geň-enaýy ýurtdaky duşuşyklaryny ebedileşdiren müňe golaý suratly örän baý işlerini döredýär. Häzirki wagtda Fransiýanyň Miras Mediatekasynda saklanylýan meşhur fotosuratlar Türkmenistan bilen Fransiýany baglaşdyran köp asyrlyk dostluk we medeni gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi.

Pol Nadaryň fotoýordumlaryna paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary Aga Garryýew (ozalky Sokolowskiý) köçesiniň 69-njy jaýynda (telefonlary 36 83 70 / 36 83 71 / 36 83 72) syn edip bielrler. Sergi sentýabra çenli her gün sagat 9-00-dan 20-00-a çenli açyk, girmesi mugt.

TFI-nde iýul aýynda 1982-nji ýylda Fransiýanyň Medeniýet ministrligniň başlangyjy bilen döredilen Saz Baýramynyň 40 ýyllygy hem bellenildi. Döredilen gününden bäri bu baýram meşhurlyga eýe boldy, indi ol dünýä ýurtlarynyň köpüsinde bellenilýär.

TFI-nde medeni-bilim merkeziniň töweregindäki açyk asmanyň astyndaky baş sahnada we binanyuň içindäki sahnada mugt konsertler berildi. Onda dürli žanrlarda: nusgawy, estrada we halk sazlary, opera, pop we başga-da ençeme ugurdan eserler ýaňlandy. Saz muşdaklary üçin kyrkdan gowrak sazanda çykyş etdi, olaryň arasynda professional we höwesjeň sazandalar hem, ululardyr çagalar hem bardy.

Dabaranyň çäklerinde türkmen nakgaşlarynyň we heýkeltaraşlarynyň saz temasyndan köpçülikleýin sergisi boldy.

Ýene bir çäre dünýä halklarynyň dostlugyny we agzybirligini goldamagyň şanly subutnamasy boldy, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bu ýörelgeleriň başlangyjy bilen çykyş edýär. Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Fransiýanyň Milli baýramy – Bastiliýanyň alynmagy mynasybetli dostlukly kabul edişlik guraldy.

Oňa Birleşen Milletler Guramasynyň, ýurdumyzda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-niň wekilleri, şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary we beýleki köpsanly myhmanlar gatnaşdylar.

Modaly eşikler dizaýneri we Pariždäki Moda ýokary mekdebiniň mugallymy Göwher Guwerne-Pirgulyýewanyň bu ýere gelenlere teklip eden lybaslarynyň görkezilişi baýramyň täsirliligini artdyrdy. Dizaýneriň barokko äheňinde, ýöne Türkmenistanda öndürilen panbarhat ulanyp, döwrebap nusgada döreden lybaslarynyň görkezilişi saz owazlary bilen sazlaşykly utgaşdy. Inçe el işlerinden, reňkleriň neipisliginden we sazlaşygyndan, gelşikliliginden we sypaýylgyndan dörän ajap lybaslar myhmanlara güýçli täsir etdi.

Dizaýneriň teklibi bilen bu ýere çagyrylan dürli ýurtlaryň ilçihanalarynyň we BMG-niň zenan wekilleri modeller hökmünde çykyş etdiler. Şeýlelikde, onda diňe bir owadan lybaslar görkezilmän, eýsem ol dünýä halklarynyň dostluga we özara düşünişmäge umumy isleginiň hem nyşany boldy.

Baýram professional tansçylaryň, modelleriň we myhmanlaryň gatnaşmagynda barokko stilinde joşgunly tanslar bilen dowam etdi. Şadyýan, mähelleli we kaşaň iýul agşamy bu ýere gelenleriň ählisinde ýakymly täsir galdyrdy, olaryň keýpini çag etdi, ruhuny göterdi.