Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 5888

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa we ähli tatar halkyna Bütindünýä tatar kongresiniň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de onuň VIII gurultaýynyň öz işine üstünlikli başlamagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä tatar kongresiniň tatar halkynyň baý medeniýetini gorap saklamakda we ösdürmekde, dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşaýan tatar halkynyň wekillerini ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, häzirki VIII gurultaýyň hem tatar halkynyň medeni däpleriniň goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine aýratyn goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Prezident Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk we täze üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.