mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen türgenleri «Aziýanyň çagalary» VII halkara oýunlarynyň medallaryny gazandylar

view-icon 2686

Wladiwostokda 13 – 16 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän «Aziýanyň çagalary» VII tomusky halkara sport oýunlarynda Türkmenistanyň topary ilkinji üç sany: altyn, kümüş we bürünç medallary gazanmagy başardy .

Altyn medaly ýeňil atletikaçymyz Sabina Kasymjanowa aldy. Ol 3000 metr aralyga ylgamakda Özbegistanyň, Uralyň, Sahaliniň, Sibiriň, «Primorye-2-niň» we Russiýanyň Uzak Gündogar sebitleriniň toparlaryndaky garşydaşlaryndan pellehana öň gelmegi başardy. Bu ýaryşda pellehana ikinji bolup russiýaly türgen Polina Wýalowa, üçünji bolup, özbegistanly Ruhşona Muhiddinowa geldiler.

Stol üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlaryň jübüt bolup oýnalýan görnüşinde Ylýas Allanazarow we Alibek Jumanow kümüş medal gazandylar. Oýunlaryň açylyş dabarasynda toparymyzyň baýdak göterijisi bolan Ylýas Allanazarow Aşgabat şaherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazowyň adyny göterýän 43-nji zehinli çagalar mekdebiniň okuwçysy, Alibek Jumanow bolsa ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepde okaýar.

Jübüt bolup oýnalýan tennis boýunça türgenleriň arasynda medal almak üçin 10 topar bäsleşdi. Kiçijek raketka ussatlarymyz finala çykdylar, emma Russiýa Federasiýasynyň Ural federal sebitiniň toparyndan Serafim Orlowdan we Ilýa Konýuhowdan asgyn gedliler. Bürünç medallara Russiýa Federasiýasynyň Uzak Gündogar Federal sebitiniň toparyndan Bator Radnaýew we Ilýa Durhisanow, şeýle hem özbegistanly Şoruh Iskandarow we Damir Juzbanow mynasyp boldy.

Türkmenistanyň toparynda grek-rim usulynda göreşýän pälwan Aly Sytdyýew 62 kilograma çenli agramda çykyş edip, bürünç medal gazandy. Bu ýaryşda altyn medal russiýaly Ýegor Kalaşnikowa miýesser etdi. Bu agram toparynda kümüş medala özbegistanly Nurmuhammad Rozikow, russiýaly Irakli Çhapeliýa ikinji bürünç medala mynasyp boldy.

Bäş gün dowam eden ýaryşyň netijelerine görä, bir altyn, bir kümüş we bir bürünç medal gazanan Türkmenistanyň topary medalçy 13 toparyň arasynda topar sanawynda 8-nji orny eýeleýär.

«Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda 13 ýurduň wekilleri sportuň 19 görnüşi boýunça 273 medal ugrunda bäsleşýärler.

Oýunlara Türkmenistanyň toparynda sportuň dokuz görnüşi boýunça medal ugrunda bäsleşýän 62 türgen gatnaşýar, 3x3 – basketbol, boks, göreş, ýeňil atletika, stol üstündäki tennis, suwda ýüzmek, sambo, sport göreşi (grek-rim we erkin usul) we ýaý atmak.

«Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlary 8-nji awgustda tamamlanar.