Ï Türkmenistanyň 30-njy futbol çempionaty başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň 30-njy futbol çempionaty başlandy

view-icon 3483
Türkmenistanyň 30-njy futbol çempionaty başlandy

Türkmenistanyň 30-njy ýubileý futbol çempionaty Aşgabatda we Türkmenbaşyda geçen dört oýun bilen başlandy.

Milli çempionatyň medallary ugrunda 8 topar bäsleşýär. Geçen ýylkydan tapawutlylykda, olar biri-biri bilen dört aýlawda oýnarlar. Üç topar, «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagtymyz Aşgabada degişli. Balkanabadyň «Balkan», Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparlary Balkan welaýatynyň, «Merw» we «Energetik» Mary welaýatynyň, «Ahal» bolsa Ahal welaýatynyň toparlarydyr.

Türkmenistanyň güýzde tamamlanjak çempionatynyň netijeleri boýunça iň gowy topary 2023-nji ýylda AFK Çempionlar ligasynyň topar ýaryşyna, Türkmenistan-2022 kubogyny alan topar we milli çempionatyň kümüş medalyna eýe boljak topar bolsa ämiýeti boýunça Aziýada ikinji ýerde durýan klub ýaryşyna – AFK-2023 Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Türkmenistanyň çempiony we kubogynyň eýesi şol bir topar bolan ýagdaýynda, Türkmenistandan AFK-2023 Kubogyna wise-çempiondan başga milli çempionatyň bürünç medalyna eýe bolan topar-da gatnaşar.

Türkmenistanyň çempionatynyň açylyş tapgyrynyň oýunlary çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Dört duşuşygyň hiç birinde ýekeje deňlik-de hasaba alynmady.

2022-nji ýyldaky çempionatyň ilkinji topy wise-çempion «Ahal» bilen Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçen duşuşygynda tora salyndy. Ony oýnuň 14-nji minutynda «Ahalyň» kapitany, geçen ýylky çempionatyň iň gowy oýunçysy Elman Tagaýew jerime meýdançasynyň sag burçundan ussatlarça tora saldy. Şondan 8 minut soň Arslanmyrat Amanow netijäni ikä ýetirdi.

Arakesmeden soň A. Amanow 56-njy minutda on bir metrlik jerime urgusyndan ýene-de bir gol geçirip, «Ahalyň» üstünligini artdyrdy. Oýnuň 77-nji we 85-nji minutlarynda Didar Durdyýew on bir metrlik jerime urgusy arkaly iki pökgini tora geçirmek bilen, ýene iki goly öz hasabyna ýazdy. Meýdança eýelerinden ýene-de Döwran Hojamämmedow (78-nji) we Meýlis Diniýewiň (90 + 1) hersi bir gezek tora pökgi salmak bilen tapawutlandylar. Şeýlelik-de 7:0 hasabynda ymykly ýeňiş gazanyp, «Ahal» ilkinji 3 utugy öz hasabyna ýazdy.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» bolsa, esasy bäsdeşinden tapawutlylykda, başlangyç tapgyrda Marynyň «Energetigini» paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky öz meýdançasynda 1:0 hasabynda ýeňdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyna ýeňşi Myrat Annaýewiň 65-nji minutda amala aşyran takyk urgusy getirdi.

Aşgabatda ýene bir oýun, «Köpetdag» Marynyň «Merwini» kabul edende, şunuň ýaly hasap bilen tamamlandy. 59-njy minutda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary on bir metrlik jerime urgusyna hukuk gazandy. Emma Begenç Akmämmedow 11 metrlik urguda pokgini tora salyp bilmedi. 75-nji minutda bolsa goragdaky ýalňyşlykdan peýdalanyp, Orazberdi Myradow derwezäniň golaýyndaky garma-gürmelikde pökgini «Köpetdagyň» toruna geçirip, «Merwe» kynlyk bilen gazanylan ýeňşi getirdi – 1:0. Ýer eýeleri Şazada Bäşimowyň 90+5 minutda oýundan çykarylmagy sebäpli, oýny az düzümde tamamlady.

Birinji tapgyrda «Şagadam» bilen «Aşgabadyň» Türkmenbaşyda oýnan oýny janköýerleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Ýer eýeleri duşuşygyň 4-nji minutynda Kerim Hojaberdiýewiň jerime meýdançasynyň çyzygyndan derwezäniň aşak burçuna uran takyk urgusyndan soň öňe saýlandylar. Duşuşygyň 13-nji minutynda Baýramgeldi Nurlyýewiň uzakdan amala aşyran urgusy bilen deňiz ýakasyndan gelen toparyň artykmaçlygyny görkezip, pökgini topa saldy. Arakesmeden soň 67-nji minutda Şatlyk Gurbanow bir jogap topuny geçirdi. Baş eminiň soňky jürlewügine çenli galan wagtda «Aşgabat» yzyny üzmän, hüjüm etdi, ýöne ýeňlişden gutulyp bilmedi.

Şeýlelik-de birinji tapgyrdan soň öňdeligi hersi 3 utuk gazanan «Ahal», «Şagadam», «Altyn asyr» we «Merw» eýeledi.

Ikinji tapgyrda çempionlyga esasy dalaşgärleriň, ýagny «Altyn asyryň» we «Ahalyň» duşuşygy uly gyzyklanma döredýär. Türkmen derbisi diýip boljak bu toparlaryň arasyndaky oýun 7-nji awgustda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçiriler. Beýleki oýunlarda «Aşgabat»– «Köpetdag», «Energetik» – Merw», «Nebitçi» bolsa «Şagadam» bilen duşuşarlar.