Ï «Altyn Asyr» «Ahal» bilen esasy oýnunda ýeňşi elden giderdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn Asyr» «Ahal» bilen esasy oýnunda ýeňşi elden giderdi

view-icon 5571
«Altyn Asyr» «Ahal» bilen esasy oýnunda ýeňşi elden giderdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň esasy oýny – häzirki çempion «Altyn asyr» bilen geçen ýylky birinjiligiň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» toparynyň arasyndaky oýun 1:1 hasabynda deň tamamlandy.

Ýurdumyzyň iň oňat iki toparynyň paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda geçen oýny janköýerleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Toparlaryň ikisi-de çempionaty ýeňiş bilen başlady: «Ahal» Aşgabatda Balkanabadyň «Nebitçisini" 7:0 hasabynda we «Altyn asyr» Marynyň «Energetik» toparyny 1:0 hasabynda utdy.

Çempionlyga dalaşgärleriň ikisinede duşuşygyň dowamynda üstünlik gazanmak başartmady, netijede toparlar 0:0 hasabynda arakesmä çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymy başlanan badyna, 47-nji minutda ýer eýeleri öňe saýlanmak pursadyny elden giderdiler. 58-nji minutda Myrat Annaýew derwezeçi Resul Çaryýew bilen ýekme-ýeke çykdy we «Altyn asyr» 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Bu M. Annaýewiň iki oýunyň dowamynda geçiren ikinji pökgüsidir, bu bolsa futbolçynyň şu ýyl iň gowy hüjümçiniň baýragy ugrunda bäsleşmek niýetiniň çynlakaýdygyndan habar berýär.

Şeýle-de bolsa, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary ýeňşi elde saklap bilmedi. Esasy wagtyň gutarmagyna 7 minut galanda, Arslanmyrat Amanow pökgini çep ganatdan ussatlyk bilen Resul Hojaýewe geçirdi, ol bolsa kellesi bilen göni Memed Orazmuhammedowdan çepdäki burça urdy. Oýnuň galan dowamynda 1:1 hasap üýtgemedi.

Bu oýundan soň «Ahal» bilen «Altyn asyryň» hersi 4 utuk toplady. Çempionatyň öňüni çekip barýan «Şagadam» bilen «Merwde» bolsa olardan 2 utuk köp.

Milli futbol çempionatynyň üçünji tapgyry 11-nji awgustda «Köpetdag» bilen «Nebitçi» toparynyň arasyndaky oýun bilen başlanar we 12-nji awgustda «Ahal» – «Energetik», «Şagadam» – «Altyn asyr» we «Merw» – «Aşgabat» toparalarynyň oýunlary bilen tamamlanar.