Ï Okuw üçin nähili torba saýlamaly?
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Okuw üçin nähili torba saýlamaly?

view-icon 7030
Okuw üçin nähili torba saýlamaly?

Okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy, ata-eneleriň köpüsi üçin «Mekdebe gitmeli çaga üçin nämeler gerek?» diýen mesele ýüze çykýar.

Türkmenistanda açylan mekdep bazarlary mekdep okuwçylaryna we talyplara harytlaryň giň görnüşini hödürleýär. Okuwçylar üçin iň möhüm esbap – portfeldir. Ol nähili bolmaly? Torba, goşhalta ýa-da ranes – olaryň haýsy gowy? Biz şu makalamyzda bu barada gürrüň etmekçi.

Başlangyç synp okuwçylary we birinji synpa gidýänler üçin ulaldylyp-kiçeldilýän giň kemerli we arkasynyň durky üýtgemeýän ranesler gowy bolar. Ol çaganyň bilinden aşakda bolmaly däl. Onuň oturyşy çaganyň boýun, döş we bil oňurgalaryna deň agram salýan bolsa ýagşy.

Şunda içi boş ranesiň agramy 700 gramdan, ulurak çagalar üçin 1 kilogramdan geçmeli däldir. Iň gowusy ranesiň materialy çyg geçirmeýän, ýeňil we berk bolsa gowy. Şeýle hem onuň syrmalarynyň hiline we öýjükleriniň sanyna üns bermeli. Azyndan iki iri öýjügi we birnäçe goşmaça jübüleri bolsa ýagşy.

Uly synp okuwçylary goşhaltadyr torbalary halaýarlar. Özi-de gerdene deň agram salýandygy üçin goşhalta has peýdaly hasaplanylýar. Çagalar mekdep esbaplary – depderlerdir kitaplardan başga-da sport eşiklerini we nahar gabyny-da göterýärler. Agyr torba gerdende, arkada we boýunda agyry döredip biler.

Oňaýly we ykjam portfelleri talyplar halaýarlar. Talyplar diňe bir onuň peýdaly tarapyna däl, eýsem gelşikliligine-de üns berýärler. Adatça arassa gönden ýa-da onuň ornuny tutýan materialdan taýýarlanylan portfeller berk bolýar, ygala ezilmeýär we hiç haçan modadan galmaýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň tikinçilik fabrikleri we hususy kärhanalary ýokary hil talabyna laýyk gelýän oňaýly we berk goşhaltalardyr torbalary taýýarlaýarlar. Ata-ene üçin çagasy haýsyny saýalsa-da tapawudy ýok, esasy zat ol çaganyň özüne ýaramalydyr.