mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Aşgabatda welosiped ýaryşy geçirildi

view-icon 2357
Aşgabatda welosiped ýaryşy geçirildi
Aşgabatda welosiped ýaryşy geçirildi
Aşgabatda welosiped ýaryşy geçirildi
Aşgabatda welosiped ýaryşy geçirildi

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde welosiped sporty boýunça ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Ony Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Welosiped sporty federasiýasy gyradylar.

Ahal, Daşoguz, Mary, Lebap welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden welosipedçileriň onlarçasy dört günläp iki ýaş toparynda bäsleşdiler. Ýaryş wagt boýunça şahsy, bilelikde we toparlaýyn, şeýle hem toparlaýyn ugurlarda geçirildi. Olarda ýeňiji aralyk hem-de final tapgyrlarda toplanylan utuklar netijesinde kesgitlenildi. 

2006-2008-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Daşoguzdan A. Ýusupow, gyzlardan A. Döwletowa ýeňiş gazandylar. 2009-2013-nji ýyllarda doglanlaryň arasynda Aşgabatdan Ý. Rejepnurow, gyzlardan S. Abakumowa öňe saýlandylar,

Ýaryşa gatnaşanlaryň köpüsiniň şeýle derejedäki bäsleşiklere ilkinji gezek gatnaşýandyklaryny bellemek gerek.

Ýaryşyň jemi boýunça baýrakly orunlary eýelänlere medallar, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.