Ï Türkmen tennisçileri Billi Jin King Kubogyny ýeňiş bilen başlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tennisçileri Billi Jin King Kubogyny ýeňiş bilen başlaýarlar

view-icon 4169
Türkmen tennisçileri Billi Jin King Kubogyny ýeňiş bilen başlaýarlar

Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar topary şu gün Duşanbe şäherinde başlanan Billi Jin King Kubogynyň (Billie Jean King Cup) zolaklaýyn ýaryşyndaky çykyşlaryna Täjigistanyň toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykmak bilen başlady.

Zenan ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 2-nji toparynda birinji topara geçmek üçin ikä bölünen 8 topar güýç synanyşýar. Bije atyşlykda Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistanyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň toparlary bilen bilelikde “B” topara düşdi. “A” topary Özbegistan, Şri-Lanka, Guam, Bruneý düzýär.

Her topardan iň gowy iki topar pleý-offa çykar, onuň ýeňijisi bolsa geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 1-nji toparynda oýnamaga hukuk gazanar.

 «Billie Jin King» Kubogynda Türkmenistanyň toparynda Anastasiýa Azimbaýewa, Merýem Muhammedowa, Bahar Toýmyradowa, Aýşa Bikbulatowa we Rožan Garajaýewa dagy çykyş edýär. Zenanlar toparynyň kapitany we baş tälimçisi Türkmenistanyň sport ussady, ýurdumyzyň milli erkekler ýygyndy toparynyň agzasy, halkara derejeli ITF tälimçisi Ýuriý Rogusskidir.

Türkmenistanyň wekiliýetine milli derejeli emin, halkara derejeli ITF tälimçisi Andreý Dowmatow ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň topary açylyş oýnunda, ýagny ýaryşyň ýer eýeleri bolan Täjigistanyň milli ýygyndysyna garşy oýunda kän bir kynçylyk görmedi. 37 minut dowam eden ilkinji ýekebara duşuşykda Merýem Muhammedowa Gülnozahon Ýahýaýewany 6:0, 6:0 hasabynda utdy. Ikinji oýunda bolsa Türkmenistanyň iň ezber tennisçisi Anastasiýa Azimbaýewa 1 sagat 37 minutda Anastasiýa Tursunowany 6:3, 7:6 (8:6) hasap bilen utdy.

Jübütligiň üçünji duşuşygynda Aýşa Bekbulatowa we Rožan Garajaýewa dagy Malika Rahimowadan we Sumaýa Tuhtaýewadan 6:0, 6:1 hasabynda üstün çykdy.

Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy mongoliýaly topar bolar, ol birinji tapgyrda Pakistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

Billi Jin King Kubogy tennis boýunça zenanlaryň arasynda geçirilýän iň uly halkara toparlaýyn ýaryşdyr. Bu ýaryşlar Halkara tennis federasiýasy (ITF) tarapyndan gurnalýar. 1963 – 2020-nji ýyllarda bu ýaryş “Federasiýa Kubogy” (Fed Cup) diýlip atlandyrylýardy, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa Amerikaly tennisçi Billi Jin Kingiň hormatyna onuň ady üýtgedildi. Türkmen tennisçileri bu ýaryşlara 2004-nji ýyldan bäri gatnaşýarlar.