Ï Türkmenistanyň çempionatynda «Ahal» topary öňde barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň çempionatynda «Ahal» topary öňde barýar

view-icon 3658
Türkmenistanyň çempionatynda «Ahal» topary öňde barýar

«Ahal» toparynyň futbolçylary «Merwden» ara tapawudyny 3 utuga ýetirip, ýurdumyzyň milli birinjiliginde öňdeligi pugtalandyrdy.

Şeýle ýagdaý 5-nji tapgyrda «Ahal» toparynyň ýene bir ýeňiş gazanmagy bilen hem-de çempionlyk ugrunda bäsleşýän beýleki «Altyn asyr», «Merw» we «Şagadam» toparlarynyň utuklaryny ýitirenlerinden soň emele geldi.

«Köpetdagda» myhmançylykda oýnan «Ahal» oýnuň 6-njy minutynda Şiri Annaýewiň dürs uran 11 metrlik jerime urgusyndan soň 0:1 hasabynda utulýardy. Duşuşygyň ertesi oýnamaly bolan ikinji ýarymynda wise-çempion garşydaşynyň derwezesine iki pökgi geçirip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňiji topardan Didar Durdyýew (47-nji minutda) we Arslanmyrat Amanow (72-nji minutda) garşydaşlarynyň derwezesine pökgi geçirmek bilen tapawutlandylar.

Didar Durdyýew garşydaşlarynyň derwezelerine jemi 5 pökgi geçirip, «Köpetdagdan» bolsa Begenç Akmämmedow 4 pökgi geçirip, beýlekilerden saýlandylar.

Şu ýeňişden soň «Ahal» 13 utuk toplady.

«Merw» topary bilen «Altyn asyr» Maryda duşuşdylar. Emma, hasap açylmady. 

Geçen ýylky birinjilikde üçünji orny eýelän Türkmenbaşynyň «Şagadamy» öz meýdançasynda Marynyň «Energetigi» bilen 0:0 hasabynda deň oýnady, indi ol 8 utuk toplap ýaryşda dördünji orunda barýar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň indiki, 6-njy tapgyry 26-njy awgustda «Aşgabat» --«Altyn asyr» toparlarynyň duşuşygy bilen açylar. 27-nji awgustda bolsa , «Energetikdir» «Nebitçiniň», «Ahalyň» we «Merwiň», «Şagadamyň» hem-de «Köpetdagyň» duşuşyklary bilenem tamamlanar.