Ï Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna taýýarlyk görülýär

view-icon 4362
Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna taýýarlyk görülýär

Daşoguz welaýatynda jogapkärli çärä – ýetişdirilen bol pagta hasylyny ýygmaga taýýarlyk görülýär. 2022-nji ýylyň hasylyny ýokary depginde ýygnamaga degişli ähli ulgamlarda taýýarlyk işleri geçirilýär. Pagtany daşamaga 1600-den gowrak ulag çekiler. Sebitde şeýle hem pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýüzlerçesi işlediler. Şolaryň arasynda ýokary öndürijilikli «John Deere» kysymly kombaýnlaryň 200-den gowragy we Özbegistanda öndürilen traktorlara dakylýan МХ-1,8 kysymly pagta ýygyjy maşynlaryň ençemesi bar.

«Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalary-da täze hasyly bökdençsiz gaýtadan işlemegi we ýokary hilli önüm öndürmegi niýet edinýärler. Birleşigiň düzüminde pagta arassalaýjy zawodlaryň 9-sy, şol sanda ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen täze döwrebap ýöriteleşdirilen kärhana we Könürgenç etrabynda birbada 10 müň tonna pagta saklamaga niýetlenen pagta kabul ediji terminal bar. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň önümçilik kuwwaty ýetişdirilen pagtany dokma senagatynyň talaplaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümi gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Şu ýyl esasan «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3», «Jeýhun», «S4727», «F149» ýaly wagtyň synagyndan geçen orta süýümli , gögerijiligi gowy, ir ýetişýän, ýokary hili hem-de süýümi gowy çykýan sortlary ekildi.

Daşoguz welaýaty pagta öndürmek boýunça bu ýerde gazanylan üstünlikler, pagtaçylyk pudagyny mundan beýlägem ösdürmegiň geljegi, ýokary hilli ýetişdirilen hasyly, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän taýýar önümi gaýtadan işlemek wezipesini öňde goýýar.

Muňa welaýatda ýerleşýän ýokary tehnologiýaly dokma kärhanalary ýardam edýär.