Ï Bamiýa ösümligi öwrenilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bamiýa ösümligi öwrenilýär

view-icon 7796
Bamiýa ösümligi öwrenilýär
Bamiýa ösümligi öwrenilýär
Bamiýa ösümligi öwrenilýär
Bamiýa ösümligi öwrenilýär
Bamiýa ösümligi öwrenilýär
Bamiýa ösümligi öwrenilýär

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň biologiýa barlaglary we tohum gaznasy laboratoriýasynyň hünärmenleri Botanika bagynda üýtgeşik hasyl aldylar.

Bu ýerde açyk meýdanda ýurdumyzda geň bamiýa atly ösümligiň miweleri ýetişdi. Esasan Agrikada, Hindistanda we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda ösýän malwowylar maşgalasyndan bolan bu gök ekin şeýle hem Gombo, Ohra ýa-da «Gelinbarmak» atlary bilen-de tanalýar.

Botanika bagynyň hünärmenrleiniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda täze ekiniň Türkmenistanyň tebigy-howa şertlerine durnuklylygyny öwrenmek üçin ösümlige fenologik gözegçilik geçirilýär.

– Bu bir ýyllyk ösümlik ýylylygy gowy görýär, açyk meýdany we yzygiderli suwarylmagyny halaýar. Ol şorlaşmadyk mes toprakda gowy ösýär. Öz watany tropiki ýurtlarda bamiýanyň barmak şekili miwesini almak üçin ýetişdirýärler, ol düwenden 3-6 gün geçenden soň gaýnadylar ýa-da gowrulan görnüşde, işdäaçar hökmünde azyklyk ulanylýar, ony ýapsa-da bolýar. Onuň bişen tohumyny kofeniň ornuny tutup bilýär - diýip, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň biologiýa barlaglary laboratoriýasynyň müdiri Gülzar Bazarowa gürrüň berýär.

Botanika bagynyň laboratoriýa-tejribe meýdançasynda täze ekin indi iki ýyl bäri synagdan geçirilýär. Şu ýylyň tomsunyň güneşli howasynda ösen ekin gowy gögeriş berdi. Indi laboratoriýanyň işgärleri täze ekiniň ötgür kontinental klimatda türkmen topragynfa doly uýgunlaşjakdygyny ynamly çak edýärler.

Aşgabadyň Botanika bagynyň bioköpdürlüligini baýlaşdyrmakdan we onuň kolleksiýasynyň üstüni geň ösümlikler bilen doldurmakdan başga-da botanikler bamiýanyň tohumy ýerli ekarançylara bermek mümkinçiligine-de garaýarlar.