Ï Täze okuw ýylyna taýýarlyk we täze binalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw ýylyna taýýarlyk we täze binalar

view-icon 3566
Täze okuw ýylyna taýýarlyk we täze binalar

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hereket edýän 383 sany orta mekdebiň, 4 sany mekdep – internatyň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş – bejeriş işleri tamamlanyp, täze 2022 – 2023-nji okuw ýylyna doly taýýar edildi. Welaýatda bar bolan umumybilim berýän orta mekdepleriniň synp otaglarynda, sport meýdançalarynda we zallarynda, ýyladyş ulgamlarynda abatlaýyş – bejeriş işleri talabalaýyk geçirildi, mekdep binalarynyň ýanaşyk ýerlerinde arassaçylyk we timarlaýyş işleri amala aşyryldy.

Welaýatyň Saýat etrabynyň Esgi geňeşliginiň “Gyzylgaýa” obasynda ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, Lebaby geňeşliginiň “Guşçy” obasynda häzirkizamanyň talaplaryna laýyk gelýän 2 gatly 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy doly tamamlanyp, taýýar edildi. Bu täze bilim edaralaryny 1-nji sentýabrda, “Bilimler we talyp ýaşlar gününde” dabaraly ýagdaýda açmaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.