mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi

view-icon 1889
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş türkmenistanlylar iri halkara ýaryşlarda Watanymyzyň abraýyny gorap, milli sportuň iň gowy däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Türgenlerimiz dünýä derejeli ýaryşlaryň köpüsine gatnaşyp, baýrakly oýunlary, şol sanda iň ýokary baýrakly orunlary eýeleýärler. “Sport” myhmanhanasynyň eýwanyndaky sergide ýerleşdirilen köp sanly baýraklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda sporta ösüşiň, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly hökmünde garalýar. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanýar. Halkara sport hereketiniň ynsanperwer mazmuny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, sport diňe bir rekordlar hem-de medallar bolman, eýsem, kuwwatly jebisleşdiriji güýç hökmünde medeniýet, ykdysadyýet, diplomatiýa bilen hem baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sport ulgamynda öňe süren hem-de parahatçylygy, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi we hormat goýmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary barada ýatlamak ýerlikli bolar. 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Ýurdumyz ählumumy abadançylyga gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlaryny goldamak bilen, Halkara Olimpiýa Komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit birleşikleri bilen giňden hyzmatdaşlyk edýär. Ýyl-ýyldan pugtalandyrylýan bu gatnaşyklar Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar.

Türkmenistanyň ýokary derejeli sport ýaryşlaryny guraýan döwletleriň hataryna girendigini bellemek gerek. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen “Ýüpek ýoly — 2009” rallisi, 2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem bar. 2014-nji we 2018-nji ýyllarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hem-de Hazarýaka döwletleriň mekdep medeni-sport festiwallarynyň-da ähmiýeti uly boldy.

Türkmen türgenleri bütindünýä sport hereketinde hem üstünlikli çykyş edýärler. 2021-nji ýylda milli sportumyzyň taryhynda şanly sahypalaryň biri açyldy — Tokiodaky XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek kümüş medal gazanyldy.

Asylly däbe görä, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenler olaryň milli sporty ösdürmäge, Türkmenistanyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan goşantlaryny ykrar etmegiň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sylaglanylýar.

Şu tomus türkmen türgenleriniň ýeňişlerine has-da baý boldy. Türgenlerimiz goňşy Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda hem-de Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” halkara ralli-reýdinde Watanymyza mynasyp wekilçilik etdiler. Ýeňijiler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sylaglanyldy.

Bu gün gutlaglary «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynyň hem-de V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň ýeňijileri kabul edýärler.

Wladiwostok şäherinde Türkmenistanyň toparyna 62 türgen wekilçilik edip, olar sportuň dokuz görnüşi — basketbol 3x3, boks, kuraş göreşi, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwda ýüzmek, sambo, sport göreşi (grek-rim hem-de erkin göreş) we ýaýdan ok atmak boýunça bäsleşdiler hem-de dürli derejeli medallaryň 16-syny gazandylar.

Konýada türkmen türgenleri jemi 23 medal gazandylar. Şolardan 4-si altyn, 6-sy kümüş we 13-si bürünç medallardyr.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde milli sportumyzyň üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz!” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda nygtady hem-de türkmen ýaşlarynyň ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdyklaryna pugta ynam bildirdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýörite sport egin-eşikleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda ýurdumyza altyn medal getiren türgenleriň arasynda ýeňil atletikaçy Sabina Kasymjanowa bar. Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy 3000 metr aralyga ylgamakda garşydaşlaryndan öňe saýlandy. “Olimp” orta sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Umyt Kakalyýew erkin göreş boýunça ýaryşlarda iň ýokary derejeli sylagy eýeledi.

Konýa şäherinde ýurdumyzyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Serdar Mämmedow altyn medalyň eýesi boldy. Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni, Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň agyr atletika mekdebiniň tälimçisi Gülnabat Kadyrowa iki altyn we bir bürünç medala mynasyp bolup, Türkiýede gazanylan medallaryň üstüni ýetirdi.

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Kristina Şermetowa bir altyn hem-de iki kümüş medala mynasyp boldy.

Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek baradaky yzygiderli aladalaryna, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de täze sport ýeňişlerini gazanmak üçin ýurdumyzda hemme zerur şertleriň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra halkara ýaryşlarda baýrakly ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan türgenlere, ýokary netijeli sporty ösdürmäge hem-de geljekki olimpiýaçylary — täze zehinleri ýüze çykarmaga mynasyp goşant goşýan tälimçilere Arkadagly Serdarymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sylaglanan türgenler hem-de olaryň halypalary mundan beýläk-de türkmen sportunyň abraýyny bütin dünýäde pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda türkmen sportuny täze belentliklere çykarmaga hyzmat etjek ýokary derejeli, ussat hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem-de dürli ugurlar boýunça milli halypalyk mekdebini ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Bu işler “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, beýleki döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we ýokary netijeli sportuň hukuk taýdan goldanylmagy möhüm wezipedir. Şu babatda “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Professional sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Binýatlyk resminamalaryň hatarynda sport ulgamynda daşary ýurtly hünärmenleri işe çagyrmak meseleleri hakynda Karar hem bar. Milli Geňeş bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri depginli dowam etdirýär.

Sportuň sagdyn bolmagyň gözbaşydygyny hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz işjeň görkezýär. Döwlet Baştutanymyz yzygiderli türgenleşýär, ylgamak bilen meşgullanýar, welosiped sürýär, bedewe ussatlyk bilen erk edýär… Bu görelde bolsa ildeşlerimizi sport hereketine hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine goşulyşmaga höweslendirýär. Sport bilen meşgullanmaga türkmenistanlylaryň has köp sanlysyny çekmäge köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, ulgamyň düzümlerine ylmyň iň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Gysga taryhy döwürde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän stadionlar, sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri ulanmaga berildi. Aşgabadyň bezegine hem-de onuň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna öwrülen, sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary bolan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sebitde deňi-taýy ýokdur.

Aşgabadyň golf-kluby hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly sport toplumy, awtodromlar, ýaht-klublar, fitnes-merkezler, beýleki ugurdaş desgalar iň gowy dünýä nusgalary esasynda guruldy. Milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin hem köp işler edilýär. Sport gurnaklarynyň, şol sanda çagalaryň sport bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen gurnaklaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Sportuň gyşky görnüşleri bolan hokkeý we figuralaýyn typmak barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Aşgabatda eýýäm birnäçe hokkeý toparlary, Türkmenistanyň hokkeý federasiýasy döredildi, bu ugurda ýurdumyzyň çempionaty yzygiderli geçirilýär.

Sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, halkymyzyň gymmatly mirasy bolan hem-de taryhy-medeni özboluşlylygyny alamatlandyrýan türkmen milli göreşi uly ösüşlere eýe bolup, halkara ykrarnamany gazanýar. Ýurdumyzda Halkara Olimpiýa Komiteti we sport federasiýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda sportuň awtomobil, suwdaky görnüşleri, kýorling, bouling, bilýard ýaly görnüşleri ösdürilýär.

Sport düzümleriniň bolmagy bilim we mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmak üçin hökmany şertdir. Şolaryň düzümine oňat enjamlaşdyrylan döwrebap sport zallary, futbol, basketbol we woleýbol meýdançalary, howuzlar, tennis meýdançalary girýär. Her ýyl orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, pudak we sebit toparlarynyň arasynda guralýan umumymilli spartakiadalar ýaşlaryň sagdynlyga, beden hem-de ruhy taýdan kämilleşmegine tarap ýolda itergi beriji güýçdür. Diýarymyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alýan köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek hem däbe öwrüldi.

Bularyň ählisi türkmen sportunyň wekilleriniň ýokary üstünlikleri gazanmagyna ýardam edýär. Şu günki dabara gatnaşyjylar şular barada aýdyp, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy hem-de Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeler sportuny ösdürmek baradaky yzygiderli aladalary üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Şu günki ajaýyp waka mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy.