Ï «Ahal» topary ýurdumyzyň çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» topary ýurdumyzyň çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy

view-icon 3708
«Ahal» topary ýurdumyzyň çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy

«Ahal» topary 7-nji tapgyryň soňky oýnunda «Aşgabat» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykyp, Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy.

Bu oýun paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Oýnuň eýýäm 8-nji minutynda Abdy Bäşimow «Ahaly» öňe çykardy – 1:0. 45-nji minutda bolsa Mirza Beknazarow ikinji pökgini tora girizdi. Şeýlelikde toparlar 2:0 hasabynda arakesmä çykdylar.

Duşuşygyň 65-nji minutynda «Aşgabat» toparynyň oýunçysy Döwran Berdiýew bir pökgini tora saldy. Emma 82-nji minutda Meýlis Diniýew wise-çempionyň artykmaçlygyny ýene iki topa çenli artdyrdy hem-de hasap 3:1 boldy. Iki minutdan soň Merdan Muhadow jerime urgusyny amala aşyrmak bilen, hasapdaky aratapawudy iň pes derejä getirdi – 2:3.

Bu ýeňişden soň «Ahal» özüniň yz ýanyndan barýan «Altyn Asyrdan» aratapawudyny 4 utuga ýetirdi. Milli çempionatyň birinji aýlawyndan soň «Türkmennebitönumleri» Baş müdirligine degişli toparyň 19, Türkmenistanyň häzirki çempionynyň bolsa 15 utugy bar.

Öňdäki üçlügiň ahyrky ornunda 13 utuk toplan «Merw» topary barýar,»Şagadam» topary»Merwden» 2 utuk yza galýar .

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ikinji aýlawynyň 8 –nji tapgyry 2-nji sentýabrda «Merw» – «Köpetdag» toparlarynyň oýny bilen başlar.