Ï Ýaş welosportçynyň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş welosportçynyň üstünligi

view-icon 4956
Ýaş welosportçynyň üstünligi

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Welosiped sporty federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunda welosport boýunça geçirilen ýaryşda Mahmyt Aşyrow 25 km aralygy 33 minut 32 sekuntda geçip, birinji orna mynasyp boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň agzasy Mahmyt Aşyrow çagalygyndan sport gurnaklaryna yzygiderli gatnaşyp, welosport bilen 2019-njy ýyldan bäri türgenleşýär we gysga wagtda birnäçe Halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi boldy.

Ol 2020-nji ýylda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli welotrek boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynda sprint boýunça toparlaýyn ýaryşda baýrakly orny eýeleýär we Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp bolansoň, halkara ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanýar.

Şeýle-de, Mahmyt 2022-nji ýylyň iýun aýynda welotrek boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatyna birinji orny eýeledi.