Ï Dzýudoçy ildeşlerimiz Awstriýada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn medallaryň ikisini eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dzýudoçy ildeşlerimiz Awstriýada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn medallaryň ikisini eýelediler

view-icon 4527

Türkmen dzýudoçylary Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn medallaryň ikisini eýelediler.

Iki günläp dowam eden ýaryşa 37 ýurtdan 283 türgen (184 erkek we 99 zenan) ─ erkekler 7 hem-de zenanlar 7 agram derejesinde medallaryň 14 toplumy ugrunda bäsleşdiler.

Türkmenistanly türgenler hem edil meýdança eýeleri ýaly iň köp adamly (28 dzýudoçy –16 erkek we 12 zenan) topar boldy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan ilkinji altyn medaly Hakberdi Jumaýew gazandy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby 60 kg çenli agramda çykyş edip, üstünlige eýe boldy. Şu agramda jemi 29 türgen, şol sanda Türkmenistandan 7 dzýudoçy medallar ugrunda bäsleşdiler.

Hakberdi bäş gezek ýeňiş gazandy, şol sanda fransuz Ýohanm Russeli, wenger Marton Andrasini, nemes Maksimilian Standkeni ýeňdi. Ýarym finalda ol Gazagystandan Dauren Sýukenowdan, aýgytlaýjy tutluşykda Fransiýadan Riçard Wargnesden rüstem çykdy.

Bu H. Jumaýwiň şeýle derejedäki ýaryşlardaky ilkinji üstünligidir. Ol ozal ýetginjekleriň arasynda 2019-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatynda we 2020-nji ýylda Tel-Awiwde geçen Gran-pri tapgyryndan ýaryşda bäşinji, 2022-nji ýylda Zagrebde geçen Gran-pri tapgyryndan ýaryşda ýedinji orny eýeledi. Geçen aý Türkiýäniň Konýa şäherinde guralan V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy.

Toparymyzdan ikinji altyn medaly Hekim Agamämmedow eýeledi. Ol 66 kg çenli agramda 32, şol sanda Türkmenistandan 4 türgeniň arasyndan öňe saýlanmagy başardy.

Hekim hem bäş ýeňiş gazandy. Ol fransuz Seým Lueti, slowak Mateý Polýagy we golland Iwo Werhosteri ýeňdi. Soňra Gazagystanyň wekilleri Aýbolat Ystybaýdan ýarym finalda, finalda Ýermek Amangeldiden üstün çykdy.

H. Agamämmedow 2019-njy ýylda ýetginjekleriň arasynda Aziýa-Okeaniýa çempionatynda bäşinji orny eýeläpdi, V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda bürünç medala mynasyp bolupdy.