Ï Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U-20) Aziýa Kubogy-2023-e saýlanma taýýarlygyň çäginde BAE-niň klubyny ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U-20) Aziýa Kubogy-2023-e saýlanma taýýarlygyň çäginde BAE-niň klubyny ýeňdi

view-icon 4998
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U-20) Aziýa Kubogy-2023-e saýlanma taýýarlygyň çäginde BAE-niň klubyny ýeňdi
camera-icon
tff.com

Türkmenistanyň ýaşlar (20 ýaşa çenli) ýygyndy topary Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama ýaryşyna taýýarlygyň çägine Dubaýda geçen ýoldaşlyk duşuşygynda BAE-niň birinji bölüminde oýnaýan «Fursan Hispaniýa» klubyny 4:3 hasabynda ýeňdi.

Oýun çekeleşikli geçdi. Türkmen topary eýýäm oýnuň 2-nji minutynda Süleýman Mirzoýewiň geçiren goly bilen hasaby açmagy başardy. Bäş minutdan soň Daýanç Meredow Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň artykmaçlygyny iki pökgä çenli artdyrdy. 10-njy minutda «Al-Fursan» bir jogap pökgini geçirdi, 68-nji minutda bolsa hasap deň boldy – 2:2.

77-nji minutda «Al Fursanyň» oýunçysy üçünji pökgini geçirip, öňe saýlandy – 3:2. Şondan 2 minut geçensoň Galabeg Jumamyradow hasaby deňledi – 3:3. Esasy wagtyň tamamlanmagyna 3 minut galanda bolsa, Söhbet Durdyýew Türkmenistanyň ýaşlar toparyna ýeňil düşmedik ýeňşi getirdi – 4:3.

Türkmen ýaşlar topary BAE-de geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň ahyryna çenli ýerli klub bilen ýene bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Aziýa ýaşlar Kubogy-2023-iň saýlama ýaryşyna tanymal futbol tälimçisi Seýit Seýidow taýýarlaýar. Bu ýaryşda biziň oýunçylarymyz Iordaniýa, Taýwan, Siriýa we Demirgazyk Mariana adalary bilen «D» toparda çykyş eder. Saýlama oýunlar 10 – 19-njy sentýabr aralygynda Iordaniýanyň paýtagty Ammanda geçer.

Türkmenistanyň ýaşlar (U-20) topary ilkinji oýnuny 10-njy sentýabrda Demirgazyk Mariana adalarynyň toparyna garşy geçirer. Soň 12-nji sentýabrda Iordaniýa bilen oýnar. 14-nji sentýabrda futbolçylarymyz taýwanly deň-duşlary bilen duşuşarlar we saýlama ýaryşyny 18-nji sentýabrda Siriýa bilen boljak duşuşyk bilen tamamlar.

Geljek ýylyň 1 – 19-njy marty aralygynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa ýaşlar kubogy-2023-iň jemleýji bölegine 10 sany saýlama toparyň we ikinji orny eýelän iň gowy 5 toparyň ýeňijileri çykarlar.