Ï Talyp ildeşimiz karatedo boýunça halkara ýaryşynda ýeňiji boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyp ildeşimiz karatedo boýunça halkara ýaryşynda ýeňiji boldy

view-icon 5148
Talyp ildeşimiz karatedo boýunça halkara ýaryşynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow Germaniýanyň Berlin şäherinde karatedo boýunça 17-nji gezek geçirilen «Banzai Cup» atly halkara ýaryşynda altyn medal gazandy.

Dawut Türkmenistanyň milli karatedo toparynyň düzüminde 3 – 4-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçen “Banzai Cup” halkara ýaryşyna gatnaşdy. Ýaryşa 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgeni altyn medaly 75 kilograma çenli agram derejesinde karatedo ýaryşlaryna gatnaşmagy netijesinde gazandy. Mundan başga-da, Dawut iki sany kümüş medal bilen-de sylaglandy.

Berlin ýaryşynda gazanylan altyndyr kümüş medallaryň bu türgeniň asla ilkinji baýragy däldigini bellemelidiris. Dawudyň sport üstünlikleriniň sanawynda Türkiýede, Horwatiýada, Azerbaýjanda, Çilide we Italiýada geçirilen abraýly halkara ýaryşlardan getirilen kuboklardyr medallar bar.

Türkmen türgenleri dürli halkara sport ýaryşlaryna işjeň we yzygiderli gatnaşyp, ýeňiş gazanýarlar we baýrakly orunlary eýeleýärler. Sporty, bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugrudyr. Şundan ugur almak bilen, ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa köpçülikleýin sport hereketiniň ösmegine we bu ugurda ýokary netijelerdir üstünlikler gazanylmagyna ýardam edýär.