Ï Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn

view-icon 4877
Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn
Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn
Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn
Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn
Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn
Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn
Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn
Türkmenistanyň teatrlarynyň oýunlaryna syn

Ýurdumyzyň teatrlarynyň ählisinde täze teatr möwsümi başlandy. Döredijilik toparlary tomaşaçylar üçin täzelenen spektakllaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanan spektakllaryň birnäçesini  taýýarladylar. Tiz wagtdan täze oýunlar baş sahnalarda görkeziler.

9-10-njy sentýabrda görkeziljek spektakllar:

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda:

10.09.2022. «Hindi rowaýaty» - başlanýan wagty sagat 19-00.

11.09.2022.  «Gülki agşamy» – başlanýan wagty sagat 19-00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda:

10.09.2022.  «Arşin mal alan» – başlanýan wagty sagat 19-00.

11.09. 2022.  «Bir Selbiniň yşgynda» – başlanýan wagty sagat 19-00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda:

09.09.2022.  «Seniň yşgyňda perwana» – başlanýan wagty sagat 19-00.

10.09.2022:  «Müneçjim» – başlanýan wagty sagat 19-00.

11.09.2022.  «Ependi, sen kim?» – başlanýan wagty sagat 19-00.

«Müneçjim» komiki spektakl Gündogar ertekileri äheňinde döredilipdir. Onuň ýordumy Masrur atly eden  işi başa barmaýan biçimçiniň duçar bolýan wakalaryna esaslanýar. Aýdym-sazly oýnuň gahrymanlarynyň lybaslary we sahna bezegi hasam owadan çykypdyr.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda:

09.09.2022. «Ýürege barýan ýol» – başlanýan wagty sagat 19-00.

10.09.2022. «Doktor Aýbolit» – başlanýan wagty sagat 12-00.

10.09.2022. «Geň adamlar» – başlanýan wagty sagat 19-00.

11.09. 202. «Super Towşan» – başlanýan wagty sagat 11-00; 13-00.

11.09.2022.  «Ugurtapyjy aşyk gyz» – başlanýan wagty sagat 19-00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry:

10.09.2022. «Süýji durmuşyň gapysy» – başlanýan wagty sagat 19-00.

11.09.2022. «Çynym aýtsam» – başlanýan wagty sagat 19-00.

Türkmen döwlet  gurjak teatrynda:

10.09.2022. «Böwenjik» – başlanýan wagty sagat 17-00.

10.09.2022. «Çagaly öý bazar» – başlanýan wagty sagat 19-00.

11.09.2022. «Basgançagyň aşagynda kim ýaşaýar?» – başlanýan wagty sagat 12-00; 17-00.

11.09.2022. «Şadyýan şow» – başlanýan wagty sagat 19-00.

Welaýat teatrlarynda hem teatr möwsümi açyldy.

Balkan welaýatynyň  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Gumly gelin», Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp döwlet sazly drama teatrynda «Çynym aýtsam», Lebap welaýatynyň   Seýitnazar  Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Elwan ýaglykly serwim» Marynyň Kemine adyndaky  döwlet drama teatrynda «Ýegşerme goja,ýegşerme» spektakly görkeziler.