Ï Türkmenistan Hazarýakasy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Hazarýakasy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürýär

view-icon 4097
Türkmenistan Hazarýakasy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürýär

Sentýabryň ilkinji on günlüginde Astrahan şäherinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda medeni we maglumat gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çäre geçirilýär.

2 – 12-nji sentýabr aralygynda geçiriljek «Opera First 2022» Halkara nusgawy sungat festiwalynyň çäginde Astrahanyň filarmoniýasynyň zalynda «Türkmenistanyň güni» atly konsert boldy. Onda opera aýdymçysy Darýa Guseýinowanyň we pianinoçy Mämmet Guseýinowyň ýerine ýetirmeginde türkmen kompozitorlarynyň eserleri, kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň eserleri, meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň ajaýyp eserleri, şeýle hem Çary Nurymowyň, Daňatar Öwezowyň, Röwşen Nepesowyň kompozisiýalary, Gurbannazar Ezizowyň «Söýgim», «Meniň topragym» goşgularyna ýazylan iki sany romans ýaňlandy.

Astrahanda, şeýle hem, Hazar ýakasynda ýaşaýan halklaryň özboluşly medeniýeti barada gür berýän iki sergi açyldy. Ýerli metbugatyň beren habaryna görä, Astrahanyň Ülkäni öwreniş muzeýinde «Hazaryň töwereginde müň ýyl» atly sergi guralypdyr. Bu sergide Hazarýakasy döwletleriň halklarynyň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklaryň köp asyrlyk taryhy barada gürrüň berýän 100-den gowrak zat bar. Onda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň maddy we medeni mirasyna bagyşlanan temaly toplumlar birleşdirilipdir. Sergä gelenler XVIII-XIX asyr çyralaryny, eýran teňňelerini, azerbaýjan we türkmen şaý-seplerini, gazak gurallaryny, başga-da köp zatlary görüp bilýärler. Häzirki zaman suratlarynda Hazar deňziniň ýakasynda ýaşaýan halklaryň toý-baýramlary şekillendirilýär. P. M. Dogadin adyndaky Astrahan sungat galereýasynda açylan «Hazar ýakasy halklar şekillendiriş sungatynda» sergisi Hazarýakasy döwletleriniň milli öwüşginini we özboluşlylygyny görkezýän sungat eserlerini hödürleýär. Serginiň düzümine türkmen suratkeşi Möwlamberdi Muhammetmyradowyň «Guşluk» kompozisiýasy girizilipdir. 

9-10-njy sentýabrda Astrahan döwlet opera we balet teatrynda GDA agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldawy bilen gurnalýan halkara «Hazar metbugat forumy-2022» ýedinji gezek geçiriler. Bu çärä, däp boýunça, halkara sahnasynda, şol sanda media meýdanynda öz ähmiýetini artdyrmaga synanyşýan Türkmenistanyň wekiliýeti-de gatnaşýar. 

Forum hünär gatnaşyklarynyň ösmegine, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, maglumat önümleriniň hilini ýokarlandyrmak we ýurt içindäki habarly ýordumlary, maglumat-derňew, şeýle hem beýleki mazmunly materiallary daşary ýurt resurslarynda (serişdelerinde) ýerleşdirmek arkaly türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň diňleýjilerini artdyrmak üçin, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga ýardam edýär.

«Hazar mediaforumy-2022»-niň maksatnamasy «Işewür žurnalistika we iş gatnaşyklary», «Göçme žurnalistleriň we pikir liderleriniň Hazar ligasy», «Hazarýakasy ýurtlaryň ýaşlar syýasatynda metbugat», «Diplomatiýa üçin täze döwür» we başga temalaryň umumy mejlisde we çekişmelerde garalmagyny öz içine alýar. Mediýa forumynyň çäginde Hazar sebitiniň metbugat gün tertibini, seljeriş žurnalistikasynyň aýratynlyklaryny, usullaryny we ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan «Şu günüň seljeriş žurnalistikasy» atly metbugat konwenti-de geçiriler. Mundan başga-da, Hazarýakasy döwletleriň 40 wekili kompýuter sporty boýunça «Hazaryň Hakyky Kubogy» atly onlaýn festiwala gatnaşar. Bu çäre ilkinji gezek media forumynyň maksatnamasyna girizildi.

Guramaçylyk komitetiniň habaryna görä, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Belarusdan we Özbegistandan 90 töweregi adam metbugat forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Bular tanymal žurnalistler, döwlet edaralarynyň maglumat we ýaşlar syýasatynyň, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegi üçin jogapkär wekilleri, bilermenler, alymlar we syýasatşynaslar, şeýle hem Hazarýakasy ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr. Hazar Mediaforumynyň maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi «Serhetsiz Hazar» žurnalistika bäsleşiginiň ýeňijilerine we laureatlaryna baýrak gowşurma dabarasydyr. 2022-nji ýylda bäsleşige gatnaşmak üçin, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan 43 adam ýüz tutupdy.