Ï Türkmenistanyň ýaşlar (U-20) ýygyndy topary BAE-de ikinji gezek ýeňiş gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlar (U-20) ýygyndy topary BAE-de ikinji gezek ýeňiş gazandy

view-icon 4003
Türkmenistanyň ýaşlar (U-20) ýygyndy topary BAE-de ikinji gezek ýeňiş gazandy
camera-icon
tff.com

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar (20 ýaşa çenli) ýygyndy topary BAE-de bolan türgenleşik duşuşygynda «Galf Ýunaýtid» ýerli toparyndan üstün çykmak (3:2) bilen, ikinji gezek ýeňiş gazandy.

Oýun Ajman emirliginde geçirildi. Türkmen ýygyndy toparynyň düzüminden Arslan Saparow iki top geçirdi (23-nji we 82-nji minut), ýene bir pökgi bolsa (30-njy minut) Ylýas Çaryýewiň hasabyna ýazyldy.

Ondan öň ilkinji barlag oýnunda Türkmenistanyň ýaşlar topary BAE-niň birinji bölüminde oýnaýan «Fursan Hispaniýa» klubyny 4:3 hasabynda ýeňipdi.

BAE-däki ýygnanyşyk tamamlanandan soň, Seýit Seýidowyň şägirtleri Iordaniýanyň paýtagty Ammana uçdy. Ol ýerde 10 – 18-nji sentýabr aralygynda Ýaşlar Aziýa kubogy-2023-iň saýlama ýaryşyna gatnaşarlar. Bu ýaryşda futbolçylarymyz I toparda Iordaniýa, Taýwan, Siriýa we Demirgazyk Mariana adalaryndaky deň-duşlary bilen ýaryşarlar.

Türkmenistanyň ýaşlar (U-20) ýygyndy topary 10-njy sentýabrda boljak ilkinji duşuşygynda Demirgazyk Mariana adalarynyň toparyna garşy oýnar. Soňra 12-nji sentýabrda iordaniýaly futbolçylar bilen oýnar, 14-nji sentýabrda taýwanly garşydaşlary bilen duşuşar we saýlama ýaryşyny 18-nji sentýabrda Siriýa garşy oýny bilen tamamlar.

Geljek ýylyň 1-nji martyndan 19-njy martyna çenli Özbegistanda geçiriljek Aziýa ýaşlar Kubogynyň jemleýji tapgyryna 10 sany saýlama toparyň we ikinji ýerleri eýelän iň gowy toparlaryň ýeňijileri çykarlar.