mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýaş türkmen türgeni karate boýunça dünýä çempionatynda 4 altyn medal gazandy

view-icon 2676

Anna güni Çehiýanyň Pardubise şäherinde başlanan Şotokan karate boýunça 12-nji dünýä çempionatynda ýaş türkmen türgeni Öwezmyrat Sapadurdyýew 4 altyn medal gazandy.

Ýaryş 31 ýurtdan türgenleriň 733-sini bir ýere jemledi. Olar üç günüň dowamynda dürli ýaş aýratynlyklary boýunça we agram derejelerinde kata (maşklaryň görkezilmegi – göze görünmeýän garşydaş bilen söweş) hem-de kumite (başa-baş söweş) görnüşlerinde baýraklar toplumynyň 246-sy ugrunda güýç synanyşarlar.

DÇ-2022-niň birinji gününde biziň toparymyzda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän 1-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapadurdyýew 10-11 ýaşly ýetginjekleriň arsynda başa-baş söweşlerde altyn medallaryň dördüsini gazanyp tapawutlandy.

Öwezmyradyň gatnaşan söweşleriniň her biri 2 minut dowam etdi. Şolarda ýeňiji utuklaryň kesgitli bir tapawudy bilen anyklanyldy.

Ö.Sapardurdyýew iň ýokary derejeli baýraklaryň üçüsini 30 kg.-e çenli agram derejesinde Şobu ippon kumite (2 utuga çenli tapawutly bolmaly söweş), Şobu sanbon kumite (6 utuga çenli söweş) hem-de WKF kumite (8 utuga çenli söweş) görnüşlerinde gazandy. Ol dördünji altyn medalyna Şobu ippon kumite (2 utuga çenli tapawutly bolmaly söweş) görnüşi boýunça absolýut agram derejesinde mynasyp boldy.

Ozal hem şu aýda Germaniýanyň Berlin şäherinde Banzai Cup-2022 karatedo boýunça 17-nji hakara ýaryşynda Öwezmyrat Sapadurdyýew 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda karatenin kata görnüşinde altyn medal gazanypdy.

Öwezmyrat kakasy - Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçisi, 3-nji dan gara guşagyň eýesi Sapadurdy Setdarowyň halypaşçylygynda karate bilen meşgullanýar.