Ï Ýurdumyzyň futbol boýunça Kubogynyň – 2022 ýarym finalynyň oýunlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň futbol boýunça Kubogynyň – 2022 ýarym finalynyň oýunlary

view-icon 4299

Türkmenbaşynyň «Şagadam», Aşgabadyň «Altyn asyr» we «Köpetdag» toparlary futbol boýunça Kubogynyň – 2022 ýarym finalyna çykmak mümkinçiliklerini görkezdiler. Olar 1/4 finalyň ilkinji oýunlarynda garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Kubogyň häzirki eýesi «Şagadam» Marynyň «Energetigini» 3:1 hasabynda utdy. Ýeňijilerden Mekan Aşyrow (23-nji minut), Kerim Hojaberdiýew (54-nji minut) we Akmämmet Metdaýew (83-nji minut) tapawutlandylar. «Energetigiň» oýunçysy Meýlis Durdyýew 60-njy minutda jogap pökgüsini geçirdi.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» öz meýdançasynda Balkanabadyň «Nebitçisini» 4:0 hasabynda utdy. Bu duşuşygyň ykbaly oýnuň birinji ýarymynda, myhmanlaryň derwezesine dört pökgi girenden soň belli boldy. Ýer eýelerinden Yhlas Toýjanow tora iki pökgi (14-nji we 19-njy minut), Ahmet Ataýew bilen Begençmyrat Myradowyň bolsa (32-nji, 33-nji minut) hersi bir pökgini tora saldylar.

Oýun tamamlananda, iki toparyň hem düzümi doly däldi. Ilki bilen, 86-njy minutda «Nebitçiniň» iki sary kartoçka alan goragçysy Serdar Annaorazow oýundan çykaryldy, 2 minut yzýany bolsa «Altyn asyrdan» ikinji duýduryşy alan Myrat Annaýew meýdançadan çykaryldy.

Paýtagtymyzda geçen çekeleşikli oýunda «Köpetdag» «Aşgabady» 3:2 hasabynda ýeňdi. Merdan Muhadowyň 7-nji minutda amal eden takyk urgusyndan soň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary oýnuň dowamynda 0:1 hasabynda yza galyp geldi. Emma soň, Tofik Şükürowyň şägirtleri oýnuň hörpüni ele aldylar we garşydaşlarynyň derwezesine üç pökgi geçirdiler. Yhlas Saparmämmedow iki pökgi (28-nji we 32-nji minutlarda) geçirdi. Ýene bir gol oýunçy Begenç Akmämmedowyň (61-nji minut) hasabyna ýazyldy. «Aşgabadyň» futbolçysy Merdan Muhadow 73-nji minutda ýene bir pökgini tora salyp, hasapdaky aratapawudy iň az derejä getirdi. Emma myhmanlar ýeňlişden gutulyp bilmediler.

Birinji çärýek final oýnunda milli çempionatyň lideri «Ahal» paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda «Merwi» 2:1 hasabynda ýeňmek bilen, ýaryşyň indiki tapgyryna geçjekdigini yglan etdi.

Türkmenistan-2022 Kubogynyň çärýek finalynyň jogap oýunlary 21-nji sentýabrda geçiriler.