mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň abadançylygyny üpjün edýär

view-icon 2486
Ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň abadançylygyny üpjün edýär

Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly orny eýeleýändigini, dünýä derejesindäki öňdebaryjy ornuny göz öňünde tutanyňda, ýaşlar syýasaty milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty hem hut ýaş türkmenistanlylaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegine, ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini has doly amala aşyryp bilmekleri üçin mümkinçilikleri giňeltmäge has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ulgamda döwlet syýasaty ýurdumyzdaky ýaş raýatlaryň bähbitlerini ileri tutýan iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilip, şondan bäri beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, zähmetsöýer, ukyply, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alyp barýar. Gurama 30 ýyldan gowrak wagt bäri agzalaryny bir ýere jemläp, olaryň güýjüni hem-de ukyplaryny, bilimini, dünýägaraýşyny Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Ýaşlar guramasynyň döredilen gününden bäri Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň ösüşini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşan, zähmetde we döredijilikde uly üstünlikleri gazanan ýaşlary “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen at bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş edip, örän ähmiýetli we anyk wezipeleriň toplumyny, bu jemgyýetçilik birleşiginiň ýaşlar barada döwlet syýasaty hem-de milli ösüş strategiýalary babatda ýerine ýetirmeli esasy işiniň ugurlaryny kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaşlaryň arasynda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmetsöýerligi, döredijilik ukyplaryny terbiýelemek, olaryň şahsy başarnyklarynyň ýokarlanmagyny, jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmaklaryny goldamak, ýaşlaryň telekeçilik bilen birlikde beýleki başlangyçlaryny hem höweslendirmek wezipeleri durýar.

Bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda ýaşlarda hyjuw döretmegiň, dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryna düşünmegiň zerurlygy ýurduň ykbalyny hem-de halkyň bagtyýar geljegini kesgitleýän wajyp wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Alnyp barylýan işleriň baş maksady ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmekden ybarat bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, edebiýat we sungat bilen meşgullanmaklary, döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek üçin hemme şertleri döretmäge çagyrdy. Baş ýörelgeler ýaşlaryň halallyga hem-de maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolmagyndan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Täze Kanunyň işlenip taýýarlanylmagyň döwlet Baştutanymyzyň teklibi esasynda Milli Geňeş tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek möhümdir. Kanunyň kabul edilmegi jemgyýetde taryhy ähmiýetli waka boldy. Ol döwrüň anyk ýagdaýlaryny beýan edýär hem-de häzirki täze eýýamda ýurdumyzyň hut ýaş nesilleriniň amala aşyrmaly giň gerimli özgertmelerini durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaýdaky çykyşynda: “Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip nygtady.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň Milli Geňeşi ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini çekdi. Giň jemgyýetçiligiň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ýaş nesliniň pikirleri, teklipleri nazarda tutuldy. Taslamada 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen taryhy duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren parasatly pikirleri we gymmatly teklipleri öz beýanyny tapdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky meseläni welaýatlar boýunça iş saparlarynyň, talyplar hem-de ýaş esgerler bilen duşuşyklarynyň barşynda-da öňe sürdi.

Hormatly Arkadagymyz 3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçiren duşuşygynyň dowamynda: “Bu babatda Türkmen oba hojalyk institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýaş mugallymlar, talyplar bilen geçirilen duşuşyklar meniň üçin aýratyn täsirli boldy” diýip belledi. Täze Kanunyň baş maksady ýaşlaryň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri halkymyzyň gadymy ruhy-ahlak däpleriniň, hakyky watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňaýly hukuk şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr. Täze kanunçylyk resminamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny ep-esli derejede pugtalandyryp, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ilkinji gezek 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda kabul edildi, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar bolsa 2017-nji ýylyň martynda girizildi. Geçen ýylyň ýanwarynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Şonuň çäklerinde türkmenistanlylaryň ösüp gelýän ýaş neslini kemala getirmek we ösdürmek, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine olaryň aň-düşünje, ruhy, döredijilik kuwwatyny has doly amala aşyrmaga mümkinçilikleri giňeltmek üçin oňaýly şertleri üpjün etmek boýunça anyk çäreler görülýär.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi düzüm we mazmun taýdan kämilleşdirildi hem-de baýlaşdyryldy. Resminamanyň giriş bölegi, ýaşlar syýasaty babatda ulanylýan käbir düşünjeler täzeden kesgitlenildi we gaýtadan beýan edildi, Kanuna birnäçe täze düşünjeler, döwrebap kadalar girizildi. Resminama “Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi” diýen täze bap goşuldy. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaş nesline Berkarar Watanymyza beýik söýgini, onuň gazananlaryna buýsanjy terbiýelemäge gönükdirilen hem-de biziň milli ýörelgelerimize kybap gelýän terbiýeçilik-wagyz ediş işleriniň geriminiň giňeldilmegi bilen baglanyşyklydyr.

“Ýaşlar” diýen kesgitlemä girýän adamlaryň ýaş çägi 35 ýaşa çenli artdyryldy (ozal bu ýaş 30 ýaşa çenli kesgitlenilýärdi). Döwrüň talaplaryndan ugur alyp hem-de ýaşlary milli gymmatlyklar ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ýaşlar syýasatynyň maksatlarynyň, wezipeleriniň we esasy ugurlarynyň kesgitlemesi, ýaşlar syýasatyna gatnaşyjylaryň sanawy giňeldildi. Resminamanyň rejelenen görnüşinde bu babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ygtyýarlyklary Bilim ministrligine geçirilip, onuň ygtyýarlyklary giňeldildi.

Kanunda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary aýratyn kesgitlenildi we beýan edildi. Şol edaralar ýaşlar syýasaty babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi, gözegçiligi amala aşyrýarlar. Ýaşlara döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, ýaşlar birleşikleriniň işi, ýaşlaryň we ýaşlar birleşikleriniň halkara hyzmatdaşlygy, bu ugurda hereket edýän beýleki kadalar döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Kanunda ulanylýan daşary ýurt sözleri türkmen sözlerine üýtgedildi.

Ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Kanunyň rejelenen görnüşinde eger telekeçiler tarapyndan döredilen kärhananyň işgärlerini ýaşlaryň 75 göterimi emele getirse, ony “ýaşlar kärhanasy” diýip atlandyrmak kesgitlenildi hem-de şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak üçin hukuk mümkinçilikleri döredildi. Ýaşlar kärhanalaryny goldamak boýunça ýeňillikleri bermek baradaky düzgünleri kesgitlemek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygyna degişlidir. Mundan başga-da, telekeçi ýaşlary goldamak boýunça hemişelik hereket edýän (degişli ugurlar boýunça jogapkär edaralaryň wekillerinden ybarat bolan) döwlet toparyny döretmek göz öňünde tutuldy.

Bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemeginiň tertibi kesgitlenildi.

Kanunyň 26-njy maddasynda ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek göz öňünde tutulýar. Kanunyň şu maddasynda çagyryş boýunça harby gullugy geçen ýaşlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilmeginde artykmaç hukukdan peýdalanjakdygy hem bellenilýär.

Kanunyň rejelenen görnüşine ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmaklaryny goldamak, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek arkaly olarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek bilen baglanyşykly goşmaçalar girizildi.

Resminamada ýaş hünärmenleriň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäç bolanlaryny ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmekde artykmaçlyklaryň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek.

Ýaşlar, olaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy baradaky meselelere, beden, aň-düşünje we döredijilik taýdan ösmek üçin şertleri döretmäge yzygiderli üns berip, Türkmenistan öňdebaryjy tejribelere hem-de dünýäniň döwrebap ösüşlerine laýyk gelmäge ymtylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan, milli kanunçylygyň çäklerinde we halkara ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýändigini bellemek möhümdir. Dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar syýasaty ýurduň ösüşi bilen birlikde, uzak möhletleýin geljekde, umuman, döwletara gatnaşyklaryň hem ösüşini kesgitleýän strategik ugra öwrülýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikler bilen biz XXI asyrda Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýäris, onuň geljegini gurýarys.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde döwlet ýaşlar syýasatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilen ýaşlar forumynyň eýeleýän ornuny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, gurultaýyň dowamynda tassyklanan Kanun ýaşlara döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öň ýanynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi hem-de “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň tassyklanylmagy ýaş türkmenistanlylaryň Watanymyzyň berkararlygyny, onuň hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň abadançylygyny we mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge goşýan mynasyp goşandyny aýdyň ýüze çykarýar.