mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen türgenleri Şotokan karate boýunça çempionatynda 102 medal gazandylar

view-icon 2085

Pardubitsde (Çehiýa) tamamlanan Şotokan karate boýunça XII dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 35 altyn, 21 kümüş we 46 bürünç, jemi 102 medal gazandylar. Bu barada «AA»-nyň habarçysyna Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynda habar berildi.

Bu bäsleşige 31 ýurduň karateçileri gatnaşdy, olar üç günüň dowamynda dürli ýaş we agram toparlarynda kata we kumite ugurlary boýunça 246 baýrak toplumy ugrunda bäsleşdiler.

Ýaryşyň birinji gününde ildeşlerimiz dört sany altyn, ikinji güni 19 altyn, 8 kümüş we 15 bürünç medal, üçünji güni bolsa iň ýokary derejeli 12 medal, 13 kümüş we 31 bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň topary Rumyniýanyň (43 altyn, 53 kümüş we 76 bürünç) we Çehiýanyň (44 altyn, 49 kümüş we 93 bürünç medal) karateçilerinden soň üçünji orny eýeledi.

Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň başlygy, 6-njy danyň eýesi Welmyrat Gurbanmyradowyň aýtmagyna görä, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 1-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapadurdyýew we Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy, Şotokan karate boýunça öz ýaş toparynda absolýut dünýä çempiony bolan Allanur Ýalkabow toparymyzyň üstünlik gazanmagyna saldamly goşant goşdular.

Öwezmyrat Sapadurdyýew bu üstünlige 10-11 ýaşly oglanlaryň arasyndaky ýaryşyň söweş sparringinde – şobu ippon kumite, şobu sanbon kumite, 30 kilograma çenli agram toparynda WKF kumite we şobu ippon kumite ugrundan absolýut agram toparynda jemi dört altyn medal gazanmak bilen ýetdi.

Allanur Ýalkabowyň 6 altyn medaly bar. Iň ýokary derejeli dört baýragy ol 12-13 ýaşly kadetleriň arasynda geçen şahsy kata we sparringde – şobu ippon kumite, şobu sanbon kumite, agramy 38 kilograma çenli toparda WKF kumite, iki altyn medaly bolsa Perhat Atamyradow we Gurbannazar Amandurdyýew bilen bilelikde toparlaýyn kumitede we 14-15 ýaşly kadetleiň arasynda Perhat Atamyradow we Dawut Saryýew bilen bilelikde toparlaýyn katada gazandylar.

Öwezmyrat karate bilen öz kakasy, gara guşagyň 3-nji danynyň eýesi, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Sapadurdy Setdarowyň ýolbaşçylygynda meşgullanýar. Allanur bolsa gara guşagyň 5-nji danynyň eýesi Aýdyň Çaryýewiň tälimçilik etmeginde öz ussatlygyny artdyrýar.

Milli Karate-do federasiýasynyň iň ýakyn döwür üçin meýilnamasy 13-16-njy oktýabrda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň çempionlygyny geçirmegi öz içine alýar.