Ï Hünärli işgärleri saýlamak işlerini kämilleşdirmek
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hünärli işgärleri saýlamak işlerini kämilleşdirmek

view-icon 4149
Hünärli işgärleri saýlamak işlerini kämilleşdirmek

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Kiçi telekeçilik üçin maslahatlar» taslamasynyň çäginde hususy kompaniýalar üçin hünärmenleri saýlap almak boýunça tapgyrlaýyn «tegelek stol» geçirdi.

Birinji geçirilen «tegelek stola» ýerli kärhanalaryň we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ikinji duşuşyga hususy sektoryň wekilleri bilen ýurdumyzyň işgärleri hödürleýän edaralarynyň wekilleri ýygnandylar.

Duşuşyklaryň esasy maksady okuw usullaryny ornaşdyrmak we işgär dolandyryş ulgamyny gowulandyrmak arkaly işgärleriň hünärini kämilleşdirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň agzasy duşuşyga gatnaşýanlara ýüzlenip, ýaşlaryň hünär ussatlygynyň ösüşine goldaw bermekde hususy pudagyň, şeýle hem bilim ulgamy üçin jogapkär döwlet edaralarynyň eýeleýän ornuna ünsi çekdi. Häzirki wagtda iş berijileriň talaplary üýtgedi, iş üpjünçiliginiň täze görnüşleri ýüze çykdy.

Işgär saýlap almak dalaşgäriň psihologik we hünär taýýarlygyny öwrenmegi öz içine alýar. Ol işgäriň ýaramlylygyny we şahsy hem hünär häsiýetleriniň kompaniýanyň talaplaryna laýykdygyny-däldigini barlamak üçin zerurdyr. Işgärleri çynlakaý gözlemek işi guramanyň geljegini gurup boljak esasa öwrülýär. Çünki hünärli işgärler islendik kärhananyň işlemeginde iň möhüm orny eýeleýär.