Ï Aşgabatda ýaşlara mahsus biçüwindäki täze lybaslar bilen tanyşlyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ýaşlara mahsus biçüwindäki täze lybaslar bilen tanyşlyk geçirildi

view-icon 4017

Häzirki zaman şäher lybasy nähili bolmaly?

Bu sowala içerki bazarda özüni tanadan «Däp» ýaşlar brendiniň biçüwçiler topary ynam bilen jogap berip biler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýaş biçüwçiler «Urban» kysymly güýz lybaslarynyň toplumyny görkezdiler.

Ak mermerli Aşgabadyň howasyndan we gözelliginden ylham alan ýaş hünärmenler awtorlyk modelleri döretmegiň üstünde birnäçe aýlap işlediler. Esasan, açyk reňklerde toplanan täze lybaslar harajaty az talap edýän, amatly lybaslar: nah matadan jalbarlar, gasynly erkek köýnekleri, sport maşklary uçin eşikler, gelişikli futbol köýnekleri, gabardinden taýýarlanan köýnekler we başga köp zatlardyr.

– Brend düşünjesi milli öwüşgini we halkymyzyň däp-dessurlaryny saklamak bilen, özboluşly keşbi döretmäge gönükdirilendir – diýip, biçüwçi Tawus Ataýewa belleýär. – Her modeliň üstüni türkmeniň milli medeniýetiniň äheginde taýýarlaýarys. Köplenç tikinçilik üçin ýurdumyzda öndürilýän nah matalary ulanýarys. Çünki, nah matadan tikilen lybaslar ýylyň islendik wagtynda amatly we ýakymlydyr.

Türkmeniň ýaşlar brendiniň täze lybaslaryny taýýarlaýanlar önümleriniň rahat we amaly bolmagyna ýykgyn etdiler. Urban-dizaýn äheňindäki geýimler şäherli ýaşlara gaty laýyk gelýär we olary geýýäniň özboluşlylygyny nygtap görkezýär.