mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Goşa baýrama bagyşlanan çäre

view-icon 2064
Goşa baýrama bagyşlanan çäre

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlarynyň we hytaý dili hünäriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynda bellenilýän Mugallymlar güni we beýik akyldar Konfusiniň doglan güni mynasybetli çäre geçirildi.

Hytaý Halk Respublikasynda bellenilýän Mugallymlar gününiň ähmiýeti we beýik akyldar Konfusiniň ömri barada mugallymlaryň eden çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy.

Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda rus hem-de iňlis dillerinde guralan bäsleşikler talyp ýaşlaryň dünýägaraýşyny artdyrmaga we bilesigelijiligini ösdürmäge ýardam etdi.

Köpçülik bolup ýerine ýetirilen hytaý dilindäki aýdymlar we Magtymguly Pyragynyň şygyrlary talyplarda dil bilmek başarnygynyň ösendigini, olaryň öz öwrenýän hünärine yhlasly çemeleşýändiklerini aýdyňlygy bilen görkezdi.