mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen futzalçylary Aziýa Kubogy-2022 ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde Azerbaýjanyň ýygyndysyny utdular

view-icon 3822
Türkmen futzalçylary Aziýa Kubogy-2022 ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde Azerbaýjanyň ýygyndysyny utdular

Türkmenistanyň futzalçylary Bakuwyň Sport köşgünde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Azerbaýjanyň ýygyndysyny 4:2 hasabynda utdular.

Toparçamyzdan «Köpetdagyň» hüjümçisi Mülkaman Annagulyýew iki, «Deňizçiniň» oýunçylary Kadyr Berenow we Danil Pançenko bir pökgi geçirdiler.

Ol Türkmenistanyň ýygyndysynyň Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanşygynyň ikinji oýnydy. Birinji duşuşkda Guwanç Kanaýewiň şägirtleri Azerbaýjanyň futzal ýokary ligasynyň «Baku Faýr» klubyny 1:0 hasabynda utdy.

Türkmen futzalçylary Bakuda 22-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogy-2022 ýarşyna taýýarlygyň jemleýji tapgyryny geçirýärler. Yklym birinjiliginiň final ýaryşyna 4 topara bölünen 16 toparça gatnaşar, ildeşlerimiz oňa 10 ýyldan soň gatnaşýaralr. «B» toparda Özbegistanyň, Bahreýniň weTäjigistanyň futzalçylary Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bäsleşerler.

Her topardan güýçli toparçalaryň ikisi çärýek finala çykar.

23-nji sentýabrda tamamlanjak ýygnanşygyň ahyryna çenli Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýerli toparçalaryň biri bilen ýene bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi göz öňünde tutulýar.