Ï Türkmenistanda durmuş taýdan gorag ulgamy kämilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda durmuş taýdan gorag ulgamy kämilleşdirilýär

view-icon 3771
Türkmenistanda durmuş taýdan gorag ulgamy kämilleşdirilýär

BMG-niň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň şu ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde durmuş taýdan gorag boýunça hünärmenler üçin guralan okuw tapgyrlary tamamlandy.

Okuwlar durmuş taýdan gorag boýunça tälimçileriň, şeýle hem häzir şu ugurda tejribe toplap, geljekde mugallym bolmaly hünärmenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilipdir. Oňa Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, durmuş taýdan gorag boýunça hünärmenler, okuw mekdepleriň «Sosial iş» maksatnamasy boýunça ders berjek mugallymlary gatnaşdylar.

Okuwa gatnaşanlar sessiýalaryň çäginde durmuş taýdan gorag hünärmenleri üçin okuwy taýýarlamagyň aýratynlyklaryny, bu ugurdaky maksatnamalary öwretmek usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. «Her çaga üçin hyzmatdaşlyk» atly halkara guramanyň hünärmenleri bilen bilelikde olar amaly okuwda temalaýyn derňewleriň ulanylyşyny, mugallymlygyň durmuş taýdan gorag işindäki aýratynlyklaryny gözden geçirdiler.

Durmuş taýdan goragyň işiň bir görnüşi hökmünde adam jemgýetinde hemişe-de bolupdyr. Sosial işiň esasy maksady adamyň adaty ýaşaýşyna ýardam etmek, onuň sosial zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we sazlamakdyr. Durmuş goragy işgär, öz gezeginde, adamyň jemgyýetde iş alyp barmak ukybyny gowulandyrmak ýa-da dikeltmek, jemgyýetde bu maksada ýetmäge goşant goşýan şertleri döretmek, adamyň heniz ýüze çykmadyk mümkinçiliklerini ýüze çykarmakdyr.