Ï Türkmenistanda gender syýasatynyň meseleleri boýunça maslahat geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda gender syýasatynyň meseleleri boýunça maslahat geçdi

view-icon 2722
Türkmenistanda gender syýasatynyň meseleleri boýunça maslahat geçdi

Lebap welaýatynda ýurtda gender geljegine goşulyşmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin tegelek stol geçirildi.

Çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Türkmenistanyň sebitlerinde geçirýän tegelek stollary tapgyrynyň bir bölegidir. Şeýle seminarlar ozal Aşgabatda, Mary we Balkan welaýatlarynda guraldy, oktýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde geçiriler.

Oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň gender syýasatyny durmuşa geçirişini, bu ulgamda degişli hukuk resminamalaryny, hususan-da, ýurdumyzyň Milli meýilnamasyny, gender deňligi babatda Türkmenistanyň halkara borçlaryny beýan edýän toplumlaýyn resminamany ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşykda gyzyklanma birdirýän köp tarapyň gatnaşmagynda gender meselelsine sektorara çemeleşmäni ilerletmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri zenanlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna gatnaşmagyny, şeýle hem ykdysady ulgamda olaryň mümkinçiliklerini giňeltmegi üpjün etmeklige gönükdirilen toplumlaýyn çäreler bilen tanyşdyrdylar.