mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

view-icon 2845

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar. 

Eziz enelerimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, watançy, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary belent hormata mynasypdyr. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: 

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň 

«Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogultäç Babaýewany,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň işçisi Annaşeker Nurmämmedowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň müdiriniň hojalyk işleri boýunça orunbasary Ogulbibi Atamyradowany,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Täzegül Aýnazarowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 22-nji çagalar bagynyň usulçy-terbiýeçisi Ogulboldy Bäşimowna Çopanowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň mugallymy Orazsoltan Annanazarowany.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabry.