Ï Ildeşlerimiz rus dili boýunça taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ildeşlerimiz rus dili boýunça taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 5384
Ildeşlerimiz rus dili boýunça taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Puşkin adyndaky döwlet rus dili instituty Türkmenistanyň raýatlaryny GDA giňişliginde rus dilini goldamak boýunça taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň goldamagynda geçirilýär we Arkalaşyga girýän ýurtlarda rus dilini ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişiniň iň gowy tejribeligini ýygnap seljermäge ugrukdyrylandyr.

Ol ýokary we orta hünär mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlar, alymlar, aň-bilim we ylmy edaralaryň işgärleri, jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem rus dili boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tejribesi bolan talyplar üçin niýetlenendir.

Döredijilik bäsleşigi dört ugurda geçirilýär:

rus dili;

rus bilimi we medeniýeti;

ýurtlaryň arasyndaky taryhy, medeni, ylmy, aň-bilim, ykdysady gatnaşyklar;

rus dilini öwretmegiň usulyýeti.

Aýry-aýry awtorlaryň-da, taslama toparlarynyň-da, şol sanda GDA-nyň dürli ýurtlarynyň raýatlaryndan ybarat toparlaryň-da islegnama iberip biljekdigini bellemelidiris. Bäsleşige gatnaşmak üçin, sowalnama doldurmaly we 30-njy sentýabra çenli taslamanyň tanyşdyrylyşyny degişli salgylanma boýunça ibermeli.

Ýeňijileriň atlary 12-nji oktýabrda bäsleşigiň resmi sahypasynda yglan ediler. Olaryň 1-3-nji noýabr aralygynda göni gatnaşmak arkaly we gaýybana ýagdaýda geçiriljek «GDA ýurtlarynda rus dili: ýagdaýy, işleýşi, aragatnaşygy» atly halkara ylmy kongrese gatnaşmak üçin Puşkin institutyna barmak mümkinçiligi bolar.

Ähli sowallarlar bilen SYKamysheva@pushkin.institute AIOlkhovskaya@pushkin.institute salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.