mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň dabarasy belentden tutuldy

view-icon 1255
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň dabarasy belentden tutuldy

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 31 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşdy.

Günbatar sebitiň Türkmenbaşy şäherinde her biri 52 hojalyga niýetlenen 4 gatly täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ikisiniň ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk taryhy senesiniň baýramçylyk joşgunyny has-da belende göterdi. Şu mynasybetli guralan dabarada söz sözlänler ýurdumyzyň öňdebaryjy senagatynyň kerwenbaşysy bolan Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenlerini, inžener-tehniki işgärlerini özboluşly goşa toý bilen mähirli gutladylar hem-de ajaýyp baýramçylyk sowgady bolan täze ýaşaýyş jaýlary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda öý eýelerine täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy olar üçin ýatdan çykmajak tolgundyryjy pursatlara öwrüldi.

Täsirli geçen dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna hem uly orun berildi. Dabaradan soň, oňa gatnaşyjylar täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleri bilen tanyş boldular. Olaryň şäher gurluşygynyň, ösen häzirki zaman binagärliginiň nusgalyk hil talaplaryna doly laýyk gelýändigini, jaýlaryň türkmen öýlerine, milli ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine mahsus ähli amatlyklary özünde jemleýändigini aýratyn nygtadylar.

Ýeri gelende aýtsak, täze ýaşaýyş jaýlaryny Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda “Polat energo” hojalyk jemgyýetiniň tejribeli gurluşykçylary ýokary derejede bina etdiler. Daş-töweregi birkemsiz abadanlaşdyrylyp, gözel görnüşlere beslenen täze ymaratyň öňünde çagalaryň oýun we ulular üçin sport meýdançalarynyň, dükanyň, toýdur sadaka niýetlenen binanyň hem-de awtoulaglaryň bassyrmalarynyň bolmagy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.