mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň 2022-2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy

view-icon 2002
Türkmenistanyň Prezidenti Bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň 2022-2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda Bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň 2022-2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanynymyzyň belleýşi ýaly, Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede geçirildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary bolsa sporty, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrdy.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän şanly waka öwrüldi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Olimpiýa şäherçesinde döredilen şertlerden hem-de innowasion mümkinçiliklerden ugur alyp, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna, beýleki halkara ýaryşlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamagyň maksatnamasyny taýýarlamaly.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň utgaşdyrmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleri hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek hem-de fiziki işjeňligini ösdürmek meseleleri ulgamlaýyn, ylmy esasda öwrenilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz - Bu işleriň utgaşykly ýola goýulmagy netijesinde halkara derejedäki ýaryşlarda döwletimiziň sport abraýyny mynasyp gorap, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjek türgenlerimiziň täze nesliniň kemala geljekdigine pugta ynanýaryn - diýdi.