Türkmenistanyň sport wekiliýeti 26-njy iýul – 12-nji awgust aralygynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin şu gün Stambulyň üsti bilen Aşgabatdan Pariže geldi.
Halkara Olimpiýa komitetiniň howandarlygynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu köpugurly ýaryşlar ýer ýüzüniň iň gowy türgenlerini bir ýerde jemlemek bilen, dünýäde ýokary gyzyklanma döredýär.
Sportuň ösmegine ägirt uly üns berýän Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryna wekiliýetini sekizinji gezek iberýär. Häzirki wekiliýetiň düzüminde 19 adam, şol sanda 6 türgen bar. Biziň türgenlerimiz sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça gatnaşar.
Dünýäniň iň uly parahatlyk forumynda Türkmenistan tarapyndan dzýudoçy Serdar Rahymow (agram topary 66 kg çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kg çenli), agyr atletikaçy Dawranbek Hasanbaýew (102 kg çenli), ýüzüjiler Musa Jalaýew (erkin stilde 100 metr), Aýnur Pirimowa (arkanlygyna 100 metr) we ýeňil atletikaçy Walentina Meredowa (100 metre ylgama) dagy gatnaşar. Ýeri gelende aýtsak, ol 2008-nji ýylda Pekinde (Hytaý) geçen oýunlara ilkinji gezek gatnaşanyndan soň, wekiliýetimizden Olimpiada ikinji gezek gatnaşýan ýeke-täk türgendir. Galan türgenler Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş ederler.
Eýsem-de bolsa, toparymyzdaky ilkinji gezek çykyş edýänleriň arasynda eýýäm dünýä sportunda tanalýan türgenleriň bardygy bellemäge mynasypdyr. Bu, ilkinji nobatda, dzýudo boýunça Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Uly tuwulga çempiony, «Dushanbe Grand Slam 2024» ýaryşynda 66 kg çenli agram toparynda altyn medala mynasyp bolan Serdar Rahymow we Hançžouda geçen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň we Türkiýede geçen «Antalya Grand Slam 2024» Uly tuwulga ýaryşynyň bürünç medalçysy Maýsa Pardaýewadyr (57 kg çenli).
Üç ýyl mundan öň Tokioda geçen Olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek kümüş medal gazanypdylar. Oňa 59 kg çenli agram toparyndan agyr atletikaçy Polina Gurýewa mynasyp bolupdy.
Türkmenistanyň wekilleri ýakynda Parižde geçiriljek Olimpiadada bulardan has ýokary derejeler gazanmak bilen, watanymyzyň sport abraýyny mümkingadar ýokary galdyrmagy niýet edinýärler. Türkmenistanyň döwlet syýasaty derejesine galdyrylan olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary derejeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek meselesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özleriniň gatnaşmagy muňa umyt baglamaga esas berýär.
Pariže ugramaklarynyň öňýany Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgenlerini XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna dabaraly ugradyş çäresi bolup geçdi. Bu çäre halky has-da jebisleşdirdi we olimpiadaçylaryň belent ruhuna ruh goşdy.