mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXVII Halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler

view-icon 1970
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXVII Halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler

Şu ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022» atly XXVII Halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler. Çäräni «Türkmengaz», «Türkmennebit» Döwlet konsernleri, GaffneyCline Britain kompaniýasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Forum» HJ bilen guraýarlar.

Maslahat we sergi energetika pudagyny geljekde-de durnukly ösdürmek boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, dünýä we sebit energetikasyndaky soňky ugurlara syn bermegi, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmegi maksat edinýär. Maslahat bilen bir wagtda geçiriljek serginiň täze ideýalar we wezipeler bilen üstüniň ýetirilip, täze görnüşde guralmagy bu çärä girizilen täze usuldyr. Şu ýyl sergide görkeziljek täze elementler Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň wajyplygyny nygtamaga gönükdirilendir.

Maslahat we sergi döwri geçiriljek işewür duşuşyklar işewür gatnaşyklary ýola goýmak, siziň mümkinçilikleriňizi görkezmek üçin ýerlikli meýdança bolar. Şeýle hem geljekki hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ýangyç-energetika hem-de gaz-himiýasy pudaklarynda täze maýa goýum taslamalary barada habardarlygyny ýokarlandyrar.

Maslahatda esasan:

-energiýa ulgamynyň geljegi: täze wehimler we mümkinçilikler;

-Türkmenistanyň gury ýerdäki energetika pudagynyň maýa goýum mümkinçilikeri;

-täze eýýamyň energetikasy: içerki we sebit ösüşiniň geljegi;

-uglewodorod ýataklaryny işlemegiň ekologiýa ugurlary;

- nebit-gaz ylmynda we bilimde innowasion tehnologiýalar we nou-haular

ýaly meselelere üns berler.

Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ummasyz gorlary bolan döwletleriň we dünýäniň esasy energetika ýurtlarynyň hatarynda durýar hem-de dünýä energetika bazarynda ähmiýetli orun tutýar. Tebigy gaz gorlary boýunça ýurdumyz häzirki wagtda dördünji orny ynamly eýeleýär. Türkmen ýerasty baýlyklarynyň ummasyzlygyna «Galkynyş» ýatagynda geçirilen halkara auditi hem şaýatlyk edýär, «Ýaşlar» we «Garakel» ýataklarynyňky bilen birlikde onuň gorlarynda 27,4 trillion kubmetr gaz bar diýip hasaplanylýar.

Türkmen tebigy gazynyň aglaba bölegi üç ugurda (A,B we C) «Türkmenistan-Özbegistan- Gazagystan-Hytaý» transmilli gaz geçirijisinden Hytaý Halk Respublikasyna ugradylýar. Mundan başga-da, demirgazyk ugurda Russiýa Federasiýasyna we günorta ugurda Eýran Yslam Respublikasynyň üstünden Azerbaýjan Respublikasyna iberilýär.

«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy-da durmuşa geçirilýär. COVID-19 pandemiýasynyň netijelerine we şol sebäpli dünýä bazarlarynda bolan özgertmelere garamazdan, TOPH ýurtlary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny goldaýarlar. 1 853 kilometrlik gaz geçirijisinden Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käninden ýylda 33 milliard kub metre çenli tebigy gaz ugradylar, ondan Owganystanda üç nokatdan, Pakistanda üç nokatdan gaz alnyp, Hindistanyň bazaryny üpjün etmek üçin ahyrky Pakistan-Hindistan serhedine eltiler. Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň liniýa uçastogy ulanylmaga berilýär.

Türkmenistan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine möhüm ähmiýet berýär. Häzirki wagtda «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» «Eni Turkmenistan Limited», «PETRONAS» «CNPC» we beýelki daşary ýurt kompaniýalary önümi bölüşmek hakda baglaşylan Şertnamalaryň esasynda Hazar deňziniň ýalpagynda hem, Türkmenistanyň gury ýerdäki känlerinde hem uglewodorodlary gazyp alýarlar. Şu ýylky maslahatda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýerleri özleşdrimäge maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn üns berler.

Şeýle hem 2021-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjanyň Hökümetinň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini agtarmak, işlemek we özleşdirmek barada gol çekilen Memorandum Hazar sebitindäki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarar. Bu ýatagyň bilelikde üstünlikli özleşdirilmegi Hazar sebitiniň uglewodorod eksport mümkinçiligini has-da ýokarlandyrar.

Türkmenistan häzirki wagtda tebigy gazyň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy bilen birlikde ony çuňňur gaýtadan işlemäge-de aýratyn üns berýär. Soňky ýyllarda gaz himiýasy zawodlarynyň we toplumlarynyň birnäçesi işe girizildi, geljekde dünýä bazarlarynda islegli has gymmat önümleri öndürmek üçin ýene-de kärhanalaryň birnäçesini gurmak göz öňünde tutulýar.

Iki ýyllyk arakesmeden soň OGT 2022-niň Guramaçylyk komitetiniň hut özi Aşgabatda delegatlary garşylaýandygyna şat bolar. Halkara delegatlaryna amatlylyk döretmek üçin Dubaý-Aşgabat-Dubaý ýörite uçar gatnawy guralar. Maslahat şeýle hem Zoom meýdançasy arkaly onlaýn görnüşde hem geçiriler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen göni, şeýle hem onlaýn görnüşde duşuşyklary elýeterli bolar.

Maslahata we sergä Türkmenistanyň döwlet, şeýle hem esasy halkara nebit-gaz guramalarynyň, iri halkara institutlarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşarlar.

Has doly maglumat almak üçin www.ogt-turkmenistan.com web-saýtyna girip ýa-da info@turkmen-forum.com ýa-da +993 62110069 telefony arkaly «Türkmen Forum» topary bilen habarlaşyp bilersiňiz.