Ï BMG-niň güni mynasybetli esseler bäsleşigi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň güni mynasybetli esseler bäsleşigi geçirilýär

view-icon 3705

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary «BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň taryhy» temasyndan düzme bäsleşigine çagyrylýar. Döredijilik gözden geçirilişini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty her ýyl 24-nji oktýabrda bellenilýän BMG-niň güni mynasybetli gurady.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyp ýaşlara iňlis dilinde ýokarda agzalan temadan 700-800 sözden ybarat düzme ýazmak teklip edilýär.

Ýazylan düzmäni, şeýle hem özüň barada gysgaça maglumaty 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli DIM-niň HGI-niň hgiddkafedra429@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly. Ýaryşa gatnaşýanlar F.A.A., okaýan ýokary okuw mekdebini, okaýan ugruny, elektron poçtasynyň salgysyny we telefon belgisini görkezmeli. Şeýle hem 3х4 ölçegli suratyny goşmaly.

Bäsleşigiň jemi 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ongünlüginde oňa gatnaşýanlaryň gazanan netijesiniň esasynda jemlener. Emin agzalarynyň çözgüdi bilen iň gowy işleriň awtorlary I, II we III orunlara bölüner. Bäsleşigiň ýeňijileri we onda beýleki orunlary eýelänler ýörite sylaglar bilen sylaglanarlar.

Bäsleşik barada +993 12 226876; +993 65 637823 telefonlardan goşmaça maglumat alyp bolar.

Bäsleşik Türkmenistanda durmuşa geçirilýän sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde geçirilýär.

Guramaçylaryň belleýşine görä, bäsleşik BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilini öwrenmäge höwesi we islegi ýokarlandyrmaga, okuwçylaryň BMG-niň gurluşy we işi barada bilimini artdyrmaga, ýaşlaryň döredijilik ukybyny we başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de höweslendirmäge, şeýle hem sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara gatnaşygyny giňeltmäge gönükdirilendir.