Ï Türkmen futzalçylary Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynda Bahreýniň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnadylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen futzalçylary Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynda Bahreýniň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnadylar

view-icon 3389
Türkmen futzalçylary Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynda Bahreýniň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnadylar
camera-icon
the-afc.com

Türkmenistanyň futzal ýygyndy topary Kuweýtde Aziýanyň Kubogy-2022 ýaryşynda Bahreýniň topary bilen 4:4 hasabynda deň oýnady, ol oýnuň tamamlanmagyna 30 sekunt galanda ýeňşi elden giderdi. Ol «B» topardaky ikinji tapgyryň duşuşygydy, toparda Özbegistanyň we Täjigistanyň toparçalary hem bar, bu topardan iki ýygyndy çärýek finala çykar.

Türkmenistanyň we Bahreýniň ýygyndylary ýaryşyň birinji tapgyrynda degişlilikde Özbegistanyň ýygyndysyndan 0:8 we Täjigistanyň toparçasyndan 3:4 hasabynda utulyp, ýaryşa şowsuz başladyalr. Şonuň üçinem bu oýnuň toparlaryň ikisi üçin-de ähmiýeti uludy.

«Saad Al Abdulla» sport toplumynda geçen duşuşygyň ilkinji minutlary deňeçer göreşde geçdi. 10-njy minutda Ahmed Mohammed Antar pökgüni güýçli urgy bilen derwezäniň ýokarky burçuna gönükdirip hasaby açdy. 13-nji minutda «Köpetdagyň» oýunçysy Gurbangeldi Sähedow ildeşlerimiziň guran owadan hüjümini ussatlarça jemläp hasaby deňledi –1:1.

Bahreýnliler dessine çalt hüjüm edip, 29 sekunt geçensoň ýene öňe çykdylar—2:1. Saleh Ahmediň urgusyny derwezeban Meretgeldi Baýramow yzyna gaýtardy, oňa ilki bolup ýetişen Mohmed Abdulla mümkinçiigi elden gidermedi.

Şondan bir minudam geçmänkä Gurbangeldi Sähedow burçdan oýna girizilen pökgüni owadan urgy bilen tora saldy –2:2.

Oýnuň birinji ýarymynyň tamamlamagyna 1 minut 14 sekunt galanda Bahreýniň ýygyndysynyň oýunçysy Danila Pançenkonyň garşysyna gödek oýnady. Gurbangeldi Sähedowyň sag aýakdan depen birinji urgusyny derwezeban yzyna gaýtasa-da, onuň çep aýagy bilen depen pökgüsini tutup bilmedi, netijede oýnuň birinji ýarymy 3:2 hasabyna türkmenistanlylaryň haýryna tamamlandy.

26-njy minutda derwezeban Danila Pançenkonyň garşysyna gödek oýnady, 6 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetiren Gurbangeldi Sähedow bir oýunda dört pökgi geçirdi.

Şonda 22 sekunt geçensoň Gylyçmyrat Gylyçmyradowyň pökgini eli bilen saklandygy üçin bellenilen jerime urgusyny dürs uran Fallah Abbas hasaby 3:4-e ýetirdi.

Galan 6 minutda Bahreýniň ýygyndysynyň baş tälimçisi Marselino da Silwa ýeňlişden sypjak bolup derwezebana derek bir oýunçyny meýdança goýberdi. Oýnuň ikinji ýarymynda bäşinji gezek düzgün bozanlygy sebäpli Guwanç Kanaýewiň şägirtleri oýnuň ahyrynda seresaply oýnamaga mejbur boldylar, bahreýnlilerem mundan ýerlikli peýdalandylar. Oýnuň tamamlanmagyna 30 sekunt galanda Alsandi meýdançanyň ortasyndan päsgelçiliksiz geçip, güýçli urgy bilen hasaby deňledi –4:4 we öz toparçasyna çärýek finala çykmaga kiçijik umyt döretdi.

2-nji tapgyryň beýleki oýnunda Özbegistanyň ýygyndysy Täjigistanyň toparçasyny 3:2 hasabynda utup, 6 utuk bilen çärýek finalda oýnamaga wagtyndan öň hukuk gazandy.

Indi Täjigistanyň 3, Bahreýniň hem-de Türkmenistanyň hersiniň 1 utugy bar.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ýygyndylarynyň duşuşygynda haýsy toparçanyň çärýek finala çykjakdygy aýan bolar. Türkmenistanlylara ¼ finala çykmak üçin diňe ýeňiş gerek, täjigistanly futzalçylara bolsa deň oýnamagam ýeterlik.

«Biz hatarynda güýçli oýunçylar bolan Täjigistanyň ýygyndysy bilen duşuşyga gowy taýýarlanmaly. Ýaryş dowam edýär, men indiki oýunda utup, ýaryşyň indiki tapgyryna çykjakdygymyza umyt bildirýärin. Meniň oýunçylarya ynamym bar» -- diýip, oýundan soňky metbugat maslahatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Guwanç Kanaýew aýtdy.