mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýurdumyzda howa gijelerine salkynlar

view-icon 3796
Ýurdumyzda howa gijelerine salkynlar

Hepdäniň dowamynda eziz Diýarymyzda ygalsyz, açyk howa bolar. Ýöne sebitleriň käbirinde howa gijelerine +9 gradusa çenli peseler. Howanyň ortaça temperaturasy +33 gradus bolar.

Aşgabatda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +23...+25, gijelerine +9...+16 gradus bolar. Howa hepdäniň dowamynda +31 gradusa çenli gyzar. Aram şemal bolmagy mümkin.

Ahal welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +21...+26, gijelerine +9...+18 gradus bolar. Howa hepdäniň ahyrynda +33 gradusa çenli ýokarlanar.

Balkan welaýatynda şemally howa bolup, gündizlerine +28...+33, gijelerine +11...+23 gradus howa bolar.

Mary welaýatynda açyk howa bolup, gündizlerine +21...+32, gijelerine +8...+17 gradus maýyl howa bolar.

Lebap welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine +18...+31, gijelerine +8...+17 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda şemally howa bolup, hepdäniň başynda gündizlerine +14...+18, gijelerine +4...+9 gradus howa bolar. Dynç günleri howanyň temperaturasy gijelerine +10...+15 gradus bolar.