Ï Türkmenistanyň ýaşlar (U-17) topary Siriýa bilen deňme-deň oýnap, Aziýa Kubogy-2023 üçin saýlama ýaryşda öňdeligi elde saklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlar (U-17) topary Siriýa bilen deňme-deň oýnap, Aziýa Kubogy-2023 üçin saýlama ýaryşda öňdeligi elde saklady

view-icon 3605
Türkmenistanyň ýaşlar (U-17) topary Siriýa bilen deňme-deň oýnap, Aziýa Kubogy-2023 üçin saýlama ýaryşda öňdeligi elde saklady

Türkmenistanyň ýaşlar (17 ýaşdan geçmedik) toparynyň futbolçylary Iordaniýanyň Zarka şäherinde geçýän 2023-nji ýyl Aziýa Kubogy üçin saýlama ýaryşda Siriýaly deň-duşlary bilen deňme-deň oýnap, «A» toparynda öňdeligi elde sakladylar.

Bu, iki topar üçin hem bu ýaryşdaky ikinji oýundy. Birinji oýunda ildeşlerimiz Filippinleri 2:0 hasabynda utdy, siriýalylar bolsa Iordaniýa bilen deňme-deň oýnady – 0:0.

Duşuşyk Siriýanyň ýygyndy toparynyň hüjümleri bilen başlandy. Olar eýýäm 2-nji minutda hasap açyp biljekdiler, ýöne derwezeçimiz ussatlyk görkezip, ýakyn aralykdan urlan topy yzyna gaýtardy.

Oýnuň birinji ýarymynda siriýalylarda ýene iki top geçirmek mümkinçiligi boldy. Emma birinji ýagdaýda ýygyndy toparymyzyň goragçysy topy boş derwezäniň öňündäki çyzykdan daşyna çykardy, ikinji gezekde bolsa garşydaş toparyň hüjümçisini hüjümiň nätakyk tamamlanmagy ýüňsakgal etdi.

44-nji minutda Batyr Şyhyýewiň şägirtlerinde hasaby açmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Toparyň kapitany Denis Titow jerime meýdançasynda goragçyny geçdi, ýöne ýiti burçdan derwezä dürs urup bilmedi.

Garşydaşlar arakesmä 0:0 hasabynda çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymy-da Siriýa toparynyň hüjümleri bilen başlandy, olar 61-nji we 62-nji minutlarda biziň derwezämize iki top geçirip bilerdi. Aýratyn-da, ikinji pursat howply boldy, şonda garşydaşyň hüjümçisi derwezeçi meýdançasynyň çyzygyndan gös-göni derwezä urdy, ýöne derwezeçi çakganlyk bilen topy meýdançanyň daşyna çykardy.

Futbolda köplenç bolýan bir ýagdaý bar: sen gol salmasaň, saňa gol salarlar. Bu gezek hem şeýle boldy. 65-nji minutda Denis Titow meýdançanyň ortasynda topy eýeledi, ýüzugra iki goragçydan aldaw bilen geçip, takmynan 20 metrden topy derwezäniň aşaky çep burçuna dürs urdy. Toparymyz öňe saýlandy – 1:0.

Eýsem-de bolsa, bu hasap uzaga çekmedi. 72-nji minutda siriýalylar bir emelli oýny amala aşyrdylar, bu pirimli oýun Homam Mahmudyň jerime meýdançasynyň çäginden derwezäniň golaý burçuna çenäp eden urgusy bilen tamamlandy.

Duşuşygyň soňy türkmen futbolçylarynyň görnetin artykmaçlygynda geçdi. Ýöne bir ýagdaýda Siriýanyň ýygyndy toparyny gutulgysyz goldan derwezeçi halas etdi, ikinji gezekde bolsa – derweze sütüni.

Her näme bolsa-da, top 88-nji minutda Siriýa toparynyň derwezesine girdi, ýöne oýundan daşary ýagdaýy sebäpli gol hasaplanmady.

2-nji tapgyryň başga bir oýnunda ýaponiýaly ýigitler filippinli deň-duşlaryndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelik bilen, iki tapgyrdan soň Türkmenistanyň ýaşlar (U-17) topary 4 utuk toplady. Ýapon toparynyň 3 utugy bar. Üçünji orunda 2 utuk toplan Siriýa barýar. Ondan soňky ýerleri degişlilikde 1 hem 0 utuk gazanan Iordaniýanyň we Filippinleriň futbolçylary eýeleýär. Özi-de, ýaponlar we iordaniýalylar bir oýny az oýnapdyrlar.

3-nji tapgyrda türkmenistanly ýigitler ýaponiýaly deň-duşlary bilen oýnar, başga bir oýunda bolsa Iordaniýanyň we Filippinleriň toparlary duşuşar.

Ýatladýarys! 2023-nji ýylyň 3-nji maýyndan 21-nji maýyna çenli aralykda Bahreýnde geçiriljek Aziýa Ýaşlar Kubogynyň (U-17) jemleýji bölegine 10 saýlama toparyň we ikinji ýerleri eýelänleriň arasyndan iň gowy 5 toparyň ýeňijileri çykar.

Oýunçylaryň hünär derejesini kesgitleýän jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça iň oňat dört futbol topary 2023-nji ýylda Peruda geçiriljek 19-njy ýaşlar dünýä çempionatynda Aziýanyň wekili bolmak hukugyny alar.