Ï «Altyn asyr» ýaryşda öňde barýan toparyna golaýlaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» ýaryşda öňde barýan toparyna golaýlaşýar

view-icon 4434
«Altyn asyr» ýaryşda öňde barýan toparyna golaýlaşýar

Furbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyry Aşgabatda, Maryda we Balkanabatda geçirilen oýunlar bilen başlandy.

Paýtagtymyzda «Altyn asyr» birinji ýarymdaky 0:0 hasabynda deň oýnap, ýurdumyzyň häzirki çempionyndan utuk alan «Merwi» kabul etdi.

Bu gezek Ýazguly Hojageldiýewden tälim alýan türgenler üstün çykyp, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Rahman Myratberdiýew 32-nji minutda ýeňiş pökgüni öz adyna ýazmaga başardy.

Bu ýeňişden soň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 27 utuk jemläp, öňde barýan «Ahal» bilen utuk tapawudyny 2 utuga çenli azaltdy. Ýöne wise-çempion ondan bir oýun az oýnady.

Maryda ýerli «Energetik» geçen ýylky çempionatyň bürünç baýragynyň eýesi Türkmenbaşynyň «Şagadamy» bilen duşuşdy. Birinji aýlawdaky bu toparlaryň özara duşuşygy 0:0 hasabynda deň tamamlanypdy. Jogap oýnunda-da ýeňiji bolmady. Duşuşygyň 19-njy minutynda Serdar Annamämmedowyň geçiren pökgüsine myhmanlar 60-njy minutda Baýramgeldi Nurlyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi bilen jogap berdiler.

Deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň topary iki utuk ýitirip, dördünji ýerde barýan «Köpetdagyň» yzyndan ýetip bilmedi we 16 utuk bilen bäşinji orunda galdy.

Balkanabatda ýerli «Nebitçi» birinji aýlawda myhmançylykda «Aşgabatdan» 1:3 hasabynda utulan bolsa, bu gezek 1:0 hasabynda utdy. Arslangylyç Nazgylyjow 11-nji minutda ýeňiş pökgüsini geçirdi.

«Aşgabat» 9 utuk bilen 6-njy ýerde galdy. Çempionatda iki ýeňiş gazanan «Nebitçi» ozalkysy ýaly ýaryşda soňky orunda barýar.

12-nji tapgyr «Ahalyň» we «Köpetdagyň» duşuşygy bilen tamamlanar. Birinji aýlawdaky olaryň «Köpetdagyň» meýdançasynda geçen oýny 2:1 hasabynda «Ahalyň» haýryna tamamlanypdy.