Ï «Ahal» topary öňdeligi eýeleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» topary öňdeligi eýeleýär

view-icon 9385
«Ahal» topary öňdeligi eýeleýär
camera-icon
tff.com.tm

«Ahal» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň jemleýji oýnunda paýtagtymyzyň «Köpetdagyny» 4:2 hasabynda utup, öz ýakyn bäsdeşi «Altyn asyr» bilen 5 utuk aratapawut gazandylar.

Bu oýun toparlaryň häzirki möwsümdäki ikinji duşuşygydy. «Köpetdagyň» meýdançasynda geçen birinji aýlawyň duşuşygynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

«Ahal» toparyndan Hoşgeldi Hojowow 13-nji minutda hasaby açdy. Şondan 10 minut soň Şamämmet Hydyrow hasaby 1:1-e ýetirdi. Oýnuň 38-nji minutynda Didar Durdyýew «Ahal» topary öňe çykardy we hasap 2:1 boldy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Ahal» FT-nyň oýunçysy Arslanmyrat Amanow 49-njy we 55-nji minutlarda iki pökgi geçirdi. «Köpetdag» toparynyň oýunçysy Begenç Akmämmedow (65-nji minutda) şu ýylky birinjilik ugrundaky bäsleşikde, garşydaşlarynyň derwezesine 11-nji pökgüsini salyp, 2-nji oruny eýeledi. «Ahal» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew 12 pökgi geçirip, öňde barýar. «Merwden» Alibek Abdurahmanow 10 pökgi (2-sini – 11 metrlik jerime urgusyndan) bilen üçünji orunda barýar.

Indi «Ahalyň» 32, «Altyn asyryň» – 27, üçünji ýerdäki «Merwiň» 22 utugy bar.

7-nji oktýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 13-nji tapgyry «Aşgabat» –«Altyn asyr» klublarynyň duşuşygy bilen başlanar we 8-nji oktýabrda «Nebitçi» –«Energetik», «Merw» – «Ahal», «Köpetdag» – «Şagadam» toparlarynyň duşuşyklary bilenem tamamlanar.