Ï “Demir ölçeg” kärhanasynda elektrik enjamlarynyň öndürilişi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Demir ölçeg” kärhanasynda elektrik enjamlarynyň öndürilişi artýar

view-icon 4699
“Demir ölçeg” kärhanasynda  elektrik enjamlarynyň öndürilişi artýar

Energetika senagatynda düýpli galkynyşlara eýe bolan ýurdumyzda, elektrik energiýasynyň öndürilişi has-da artmak bilen onuň eksportynyň mümkinçilikleri hem yzygiderli ýokarlanýar.

Diýarymyzyň günbatar sebitinde bu ugurdan netijeli işleri amala aşyrýan kärhanalaryň biri-de, welaýatyň Jebel şäherçesiniň golaýyndaky senagat zolagynda ýerleşýän “Demir ölçeg” hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Serdarberdi Mätiýewiň ýolbaşçylyk edýän bu kärhanasy köpugurly elektrik enjamlaryny öndürýär. Bu ýerde demirden elektrik üçin dürli enjamlar ýokary hil derejesinde taýýarlanylýar. Abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde elektrik hereketlendirijileriniň we transformatorlaryň sarym hem-de abatlaýyş işlerem üstünlikli berjaý edilýär.

Hususy kärhana degişli hyzmatlaryň hatarynda meýdan inženerçiligi, elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, olara tehniki hyzmat etmek, rele goraglaryny we awtomatikany gurmak hem sazlamak, gorag ýereçatmalary, ýyldyrymdan goraýjylary gurnap, ulanyşa tabşyrmak ýaly köpsanly ugurlary-da görkezmek bolar. Şeýle-de, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir ölçegleri öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, 35 kw çenli bolan dizel generatorlary abatlamak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek işleri alnyp barylýar. Abatlanan enjamlar hem döwlet standartlaryna laýyklykda ýörite barlaglardan geçirilýär. Şeýle hem kärhana ýörite ygtyýarnamalar esasynda howa we ýerasty elektrik geçirijilerini çekmek boýunça işleri, senagat gurluşygy işlerini ýerine ýetirýär.

Bu ýerde ornaşdyrylan Türkiýäniň “DURMA” we Fransiýanyň “JUANEL” kompaniýalarynda öndürilen kuwwatly enjamlar her bir ýerine ýetirilýän işde nusgalyk netijeleri gazanmaga giň mümkinçilikleri berýär. Şu günlerde hem hususy kärhananyň ussat işçi-hünärmenleri ygtybarly elektrik enjamlaryny köp möçberde öndürip, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.